"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Interneti dolandyrmak boýunça ählumumy maslahaty-2024 emeli aň tehnologiýalaryna gönükdiriler

19-22-nji noýabr aralygynda Hytaýyň Çžeszýan gündogar welaýatynda ýerleşen Uçžen şäherinde Interneti dolandyrmak boýunça ählumumy maslahaty (WIC-2024) geçiriler. Çäre emeli aň tehnologiýalaryna gönükdirilip, “Adamlara gönükdirilen sanly geljek we bähbit üçin emeli aň – kiber giňişliginde umumy geljegi bolan bileleşigiň döredilmegi” atly mowzuga bagyşlanar. Bu ýyl sammitiň guramaçylary ählumumy internet-sektorynyň ösüşine ähmiýetli goşandyny goşan şahslara we kärhanalara gowşuryljak baýragy bilen tanyşdyrarlar, şeýle-de Emeli aň boýunça ýöriteleşdirilen komitet döredilip, WIC Sanly akademiýasy işläp başlar.

Ýokary tehnologiýalar milli bilim ulgamynyň hyzmatynda

Orta mekdepleriň häzirki zaman sanly dolandyryş ulgamy bolan «eMekdep» platformasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan işe girizildi. Häzirki ýokary tehnologiýalaryň bütin dünýäde giňden ornaşdyrylýan döwründe bilim işini yzygiderli sanlylaşdyrmaga gönükdirilen sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda anyk kesgitlenen wezipelere laýyklykda, 2021-nji ýylda hünärmenler «elektron mekdep» taslamasyny işläp taýýarlamaga girişdiler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň sentýabryndaky Kararyna laýyklykda, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, sanly bilim Konsepsiýasy tassyklanyldy. 2022-nji ýyldan başlap «eMekdep» platformasynyň ilkinji görnüşi dürli mekdeplerde synag edildi. Soňra bolsa ol mugallymlaryň, mekdep okuwçylarynyň we ata-eneleriň teklipleri nazara alnyp, has-da kämilleşdirildi. Mugallymlar üçin bu ulgamy netijeli ulanmak boýunça ýörite okuw sapaklary geçildi. Birinji tapgyrda — 2023-2024-nji okuw ýylynda okuw işlerini awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýän «eMekdep» platformasy Arkadag şäheriniň orta mekdepleriniň ählisinde o

Türkmen wekiliýeti «Geljegiň şäherleri» atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy

30-njy sentýabr — 1-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) tarapyndan guralan «Geljegiň şäherleri» atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy. Türkmenistanyň daşary syaýasat edarasynyň habar bermegine görä, türkmen tarapyna Awaza etrabynyň häkimi D.Jumaýew wekilçilik etdi. Häkim öz çykyşynda Türkmenistanyň durnukly şäher ösüşi ugrundaky üstünliklerini belläp, durmuşyň hilini ýokarlandyrmaga we ilat üçin döwrebap şertleri döretmäge gönükdirilen üstünlikli taslamalar barada gürrüň berdi.

1,3 milliard amerikan dollar maýa goýar

«Microsoft» kompaniýasy Meksikada emeli aň we bulut tehnologiýalaryny ösdürmek üçin 1,3 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy göz öňünde tutýar. Bu maýa goýum 3 ýylyň dowamynda özleşdiriler. Maýa goýumlary, hususan-da, kiçi we orta kärhanalara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem Meksikanyň Hökümetiniň emeli aň pudagynda ilatyň bilimini ýokarlandyrmak baradaky 5 million töweregi adamy öz içine alýan başlangyjyny goldamak üçin gönükdiriler.

Oleg Kononenko HKS-da bolmagyň dowamlylygy boýunça täze rekord goýdy

Rus kosmonawtlary Oleg Kononenko we Nikolaý Çub bir uçuş wagtynda Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) bolmagyň dowamlylygy boýunça täze rekord goýdular. Bu barada kosmos işleri boýunça döwlet korporasiýasy “Roskosmos” habar berýär. “Moskwa wagty bilen 16:06:51-de, olar (Kononenko we Çub), Sergeý Prokopýewiň, Dmitriý Peteliniň we Fransisko Rubionyň 370 gün 21 sagat 22 minut 16 sekunt dowam eden uçuşynda görkezen netijesi geçdi” – diýip, “Roskosmos”-yň habarynda aýdylýar.

Täze döwrüň ösüşinde intellektual eýeçiligiň orny

Ösen döwürde tehnologiýanyň, innowasiýalaryň we sanly ulgamyň kämilleşmegi bilen intellektual eýeçiligiň ähmiýeti has-da ýokarlandy. Dünýä ykdysadyýeti, medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda intellektual eýeçiligiň goralmagy we ösdürilmegi zerur meseleleriň biridir. «Intellektual eýeçilik» adalgasy XVIII we XIX asyrlarda ykdysadyýet we hukuk ylmynyň käbir wekilleri tarapyndan agzalyp gelnendigine garamazdan, onuň giňden dolanyşyga girizilmegi diňe 1967-nji ýylda Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň döredilmegi barada Konwensiýanyň kabul edilmeginden soň bolup geçdi. Bu guramanyň esaslandyryjy resminamalaryna laýyklykda, intellektual eýeçilik — bu senagat, ylym, edebiýat we çeperçilik çygyrlarynda intellektual işiň netijelerine berkidilen kanuny hukuklardyr.

Türkmenistanly okuwçylar Gresiýada geçiriljek Robototehnika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar

Türkmenistanyň Robototehnika bölüminiň milli ýygyndysynyň agzalary 2024-nji ýylyň 26 — 29-njy sentýabry aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Afiny şäherinde 190-dan gowrak döwletiň gatnaşmagynda geçiriljek Robototehnika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar. Ýaryşda Türkmenistanyň toparyna mekdep okuwçylary — Aýlar Tekäýewa, Gülhatyja Ataýewa, Şatlyk Batyrow, Merdan Muhammetorazow, Aýhan Baýramow wekilçilik ederler. Topara Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň Robototehnika bilim merkeziniň mugallymy Myrat Sähetgulyýew hem-de «Kämil bilim» okuw merkeziniň robototehnika bölüminiň mugallymy Didarberdi Badyýew ýolbaşçylyk eder.

Ilon Maskyň «Neuralinki» gözi görmeýänleriň görüşini dikeltmek üçin implantatyň üstünde işleýär

Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan «Neuralink» kompaniýasy «Blindsight» implantatynyň ABŞ-nyň Azyk we derman serişdelerine gözegçilik müdirliginiň (FDA) «öňdebaryjy enjam» statusyna eýe bolandygyny aýtdy. Bu status ömre howp salýan ýagdaýlary bejermäge gönükdirilen lukmançylyk enjamlaryna berilýär. Statusyň berilmegi enjamlaryň işlenip taýýarlanyşyny we synagdan geçirilişini çaltlaşdyrmaga gönükdirilendir diýip, «Reuters» habar berýär. «Neuralinkiň» «Blindsight» enjamy iki gözüni we görüş nerwisini ýitiren adamlara-da görmäge mümkinçilik berer. Görüş korteksiniň zaýalanmazlygy şerti bilen, hatda dogluşdan körlere-de ilkinji gezek görmäge mümkinçilik berer. Eger görüş gabygyna zeper ýetmedik bolsa, ol dogabitdi körlere hem görmäge mümkinçilik berer. Görşüň, ilki atari grafikasy ýaly, durulygy pes bolar, ýöne soňlugy bilen, ol tebigy görüşdenem has gowulaşyp biler we infragyzyl, ultramelewşe ýagdaýda tolkunlaryň uzynlygyny radiolokasion diapazonda görmäge mümkinçilik berer» diýip, Ilon Mask gürrüň berdi.

«Emeli aň» üçin dollarlyk maýa goýum gaznasy dörediler

ABŞ-nyň «BlackRock», «Microsoft» kompaniýalary hem-de BAE-niň «MGX» döwlet maýa goýum kompaniýasy tarapyndan «Emeli aň» ulgamynda maýa goýum gaznasy (Global AI Infrastructure Investment Partnership, GAIIP) dörediler. Gaznanyň umumy mukdarynyň 30 milliard amerikan dollaryna deň bolmagyna garaşylýar. «Göni maýa goýumlaryny çekmek we uzak möhletli karzlary maliýeleşdirmek arkaly «Emeli aň» infrastrukturasyna maýa goýmak üçin 100 milliard amerikan dollaryna çenli pul toplamaga mümkinçilik dörär» diýip, kompaniýalaryň bilelikde ýaýradan metbugat beýanatynda bellenilýär.

Türkmenistan "Politehnik" belarus tehnologiýa parky bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýär

Ýakynda Belarus Respublikasyndaky Türkmenistanyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew Respublikan innowasion unitar kärhanasy bolan Belarusyñ milli tehniki uniwersitetiniñ "Politehnik" Ylmy-tehnologiýa parkyna baryp gördi. Tehnologiýa parkynyñ Baş direktory Georgiý Werşina bilen geçirilen duşuşygyñ dowamynda bilelikdäki ylmy-tehniki we innowasion işiniñ mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Belarusyñ arasyndaky gatnaşyklaryñ pugtalandyrylmagynda möhüm ädim boljak bilelikdäki sergileri we pudagara wekiliýetleriniñ ikitaraplaýyn saparlaryny guramak mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berdiler. Georgiý Werşina "Politehnik" tehnologiýa parkynyñ gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryp, onuñ metallaryñ işlenilip taýýarlanylmagy, trawmotologiýa, kardiologiýa, stomatologiýa we onkologiýa ýaly ugurlarda innowasion kärhanalaryny döretmek we olary goldamak boýunça wezipesi barada aýratyn belläp geçdi. Şu günki gün tehnopark tarapyndan 69 patent hasaba alyndy we 50-den gowrak innowasion tehnologiýalar işlenilip düzüldi.

Türkmenistanyň ilçisiniň Katar Döwletiniň kiberhowpsuzlyk boýunça Milli agentliginiň başlygy bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Döwletiniň kiberhowpsuzlygy boýunça Milli agentliginiň başlygy Abdulrahman bin Ali Al Farahid Al Maliki bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekligiň ýollary we öňde duran wezipeler barada maslahatlaşdylar.

Öýjükli telefony göwnejaý ulanmak babatda maslahatlar

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 Hä­zir­ki za­man­da döw­re­bap yn­sa­nyň dur­mu­şy­ny öý­jük­li te­le­fon­syz göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl. Bu en­jam bi­ze iş üçi­nem, ýa­kyn-ýat­lar bi­len gat­na­şyk üçi­nem, in­ter­net to­ry ar­ka­ly peý­da­ly we gy­zyk­ly zat­la­ry bil­mek üçi­nem ge­rek. Em­ma öý­jük­li te­le­fo­na çak­da­na­şa de­re­je­de bag­lan­mak ada­myň ün­sü­ni oý­la­ny­şyk­ly we ön­dü­ri­ji­lik­li iş­den, ýa­kyn-ýat­la­ry bi­len ha­ky­ky gat­na­şyk­dan, ýaş­la­ryň dyk­ga­ty­ny okuw­dan we öz­le­ri­ni ru­hy hem-de be­den taý­dan ös­dür­mek­den so­wup bil­ýär. Bu en­ja­myň ýaý­rad­ýan ra­dio­ýy­gy­lyk şöh­le­len­me­le­ri­­niň beý­nä köp tä­sir et­me­gi­niň düw­nü­gi dö­red­ýän­di­gi­ni yl­my bar­lag­lar gör­kez­di. Hä­zir­ki dö­wür­de köp alym­lar ýat­keş­li­giň bo­zul­ma­sy, ün­si jem­läp bil­mez­lik, ýa­daw­lyk, baş aý­lan­ma­sy we uky­nyň bo­zul­ma­sy ýa­ly der­de­ser­le­ri te­le­fo­ny köp ulan­mak bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar­lar. Ýaş­la­ryň ara­syn­da bar­ha art­ýan şo­wa­kör­lü­ge hem ep-es­li de­re­je­de el te­le­fo­ny se­bäp­kär ha­sap edil­ýär. Gu­lak­lyk­lar­da ga­ty ses­li aý­dym-saz diň­le­mek ne­ti­je­sin­de eşi­di­şiň pe­sel­me­gi, te­le­fon en­ja­my­na eg­lip otur­mak­dan ýa­gyr­nyň, egin­le­riň we boý­nuň agyr­ma­gy hem-de kem-kem­den ar­kaň küý­ker­me­gi, he­re­ket­siz kän otur­mak­dan ag­ra­myň art­ma­gy hem te­le­fo­na bag­lan

Sanly ulgam — üstünlikleriň açary

«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024 «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgamyň peýdalaryny raýatlarymyza ýetirmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimligi, TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komiteti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi, Bagtyýarlyk etrap ÝJUT-i bilen bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda «Sanly ulgam —üstünlikleriň açary» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk oňa gatnaşan ýaşlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Olar durmuşyň dürli ugurlarynda netijeli işlemek üçin döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.

Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasy taýýarlanar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň sanly ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi. Ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň häzirki zaman kadalaryna laýyk getirmäge gönükdirilen Hereketleriň meýilnamasyny taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak boýunça kabul edilen konwensiýalara goşulmagynyň mümkinçiliklerini öwrenmek, milli kanunçylygymyzy halkara resminamalara laýyklykda kämilleşdirmek babatda hyzmatdaş halkara guramalar bilen degişli okuwlary we maslahatlary yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar

Häzirki wagtda bütin dünýäde sanly ulgamyň gazananlarynyň, innowasion tehnologiýalaryň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylyşynyň depgini ýokarlanýar. Täzeçil çemeleşmeler, awtomatlaşdyrylan gurluşlar, kämil innowasiýalar dürli ugurlarda ýüze çykýan meseleleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär. Türkmenistanda hem innowasion tehnologiýalar ulgamynda netijeli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, robot, emeli aň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga, ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmaga döwlet derejesinde uly üns berilýär. Tebigy ýerasty baýlyklaryň ummasyz goruna eýe bolan hem-de daşky gurşawy goramaga aýawly çemeleşýän, bu ugurda köp sanly halkara başlangyçlar bilen çykyş edýän we olary durmuşa geçirmäge gönükdirilen taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyzda degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Täzeçil çemeleşmeler – döwrebap ösüşler

Häzirki wagtda bütin dünýäde sanly ulgamyň gazananlarynyň, innowasion tehnologiýalaryň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylyşynyň depgini ýokarlanýar. Täzeçil çemeleşmeler, awtomatlaşdyrylan gurluşlar, kämil innowasiýalar dürli ugurlarda ýüze çykýan meseleleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär. Türkmenistanda hem innowasion tehnologiýalar ulgamynda netijeli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, robot, emeli aň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga, ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmaga döwlet derejesinde uly üns berilýär. Tebigy ýerasty baýlyklaryň ummasyz goruna eýe bolan hem-de daşky gurşawy goramaga aýawly çemeleşýän, bu ugurda köp sanly halkara başlangyçlar bilen çykyş edýän we olary durmuşa geçirmäge gönükdirilen taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyzda degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahaty we sergi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlary bilen birlikde bilim ulgamyny hem döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmäge giň mümkinçilikleri açdy. Döwrebap tehnologiýalar we ýokary innowasiýalar durmuşymyza tiz aralaşýar. Bilim ulgamynda iň häzirki zaman maglumat ulgamlarynyň, aragatnaşyk serişdeleriniň giňden peýdalanylmagy jemgyýetiň ösüşiniň b

Aşgabatda sanly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitara dialogy geçirmek teklip edilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň düýn sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň sanly ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat hem-de sergi geçirildi

10-11-nji sentýabrda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň («TIF — 2024») we ugurdaş serginiň çäklerinde Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat we sergi geçirildi. Oňa dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň wekilleri hem-de ýolbaşçylary, türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti çykyş etdi. Ol, öz gezeginde, Türkmenistanyň maýa goýumlar babatda özüne çekiji ýurtlaryň hatarynda öňe saýlanýandygy, ägirt uly uglewodorod gory, nebiti we gazy gaýtadan işleýän, eksporta niýetlenilen polietilen, polipropilen ýaly ýokary hilli önümleri öndürýän milli önümçilige eýedigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «RID Batteries» kompaniýasynyň baş direktorynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň agza-habarçysy, tehniki ylymlarynyň doktory Rahmanguly Esedullaýewiň, Koreýa Respublikasynyň «BHI Co. Ltd» kompa

Her gün 7 müň 422 ulag satýar

«Changan Automobile» kompaniýasy şu ýylyň başynda uly meşhurlyk gazanyp ugrady. Has takygy, ol ýylyň başyndan bäri, 1,7 milliona golaý awtoulag satdy. Kompaniýanyň birinji ýarymýyllygynyň jemleri barada yglan eden hasabatynda onuň girdejisiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim artyp, 10,7 milliard amerikan dollaryna deň bolandygy nygtalýar. Hasabata laýyklykda, «Changan Automobile» şu ýyl her gün ortaça 7 müň 422 sany ulag satypdyr. Şol bir wagtyň özünde şu ýyl kompaniýanyň öndürýän ulaglarynyň ortaça bahasy hem 575 amerikan dollary möçberinde gymmatlap, bu görkeziji 8 müň 150 amerikan dollaryna deň bolupdyr.

420 million smartfon satdy

«Redmi» hytaý brendi şu wagta çenli «Redmi Note» seriýasyna degişli smartfonlaryň 420 milliondan gowragynyň satylandygyny mälim etdi. 13-nji sentýabrda özüniň on ýyllygyny bellän bu brend şu aýyň dowamynda täze önümi «Redmi Note 14» smartfonyny hem köpçülige tanyşdyrmagy meýilleşdirýär. Täze smartfonyň «Redmi Note 14», «Redmi Note 14 Pro» we «Redmi Note 14 Pro+» görnüşleri müşderilere hödürleniler.