"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Apple» displeýli kolonka çykarar

«Apple» kompaniýasy 2025-nji ýylda «HomePod» atly «akylly» kolonka çykarar. Bu barada «GSMArena» habar berýär. Kolonkanyň esasy aýratynlygy onuň displeýiniň bolmagydyr. Bilermenleriň aýtmagyna görä, «Apple» 500 müň töweregi «HomePod» kolonkasyny çykarar. Kompaniýa çykaryşlaryny 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda başlar.

«Akylly» şäher: sanly sepgitler

Arkadag şäheriniň ähli ulgamlaryny sazlaşykly we durnukly ösdürmek, ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklady. Bu konsepsiýa Arkadag şäheriniň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň işiniň netijeliliginiň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Bu babatda şäherde bilim ulgamynda, saglygy goraýyşda, senagatda we beýleki pudaklarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän «akylly» tehnologiýalar ornaşdyrylyp, senagaty sanlylaşdyrmak boýunça önjeýli işler amala aşyrylýar.

Ýokary tizlikli otlular

Umuman aýdylanda, “Ýokary tizlikli otly” düşünjesi sagatda 200 kilometrden ýokary tizlige eýe bolan ýolagçy otlulary üçin ulanylýar. Bu otlular ýokary tizlige eýe bolmak aýratynlygy bilen bir hatarda ekologik taýdan arassalygy bilen hem tapawutlanýarlar. Häzirki wagtda käbir has ösen döwletlerde ulanylmaga başlanan “Maglew otlulary” hiç hili ýangyja zerurlyk duýmazdan, magnit ulgamy arkaly demir ýoluň üstünde magnit meýdany arkaly hereket edýär. Şol bir wagtda hem bu otlular eýe bolan ýokary tizlikleri bilen menzilleri ýakynlaşdyrýar...  

Ýaponiýanyň gümrükçileri bilen Bir penjire ulgamy boýunça tejribe alşylydy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük we tarifler boýunça edarasynyň wekilleri bilen «Bir penjire» ulgamynyň tejribesini öwrenmek boýunça wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly tejribe alyşmak duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri ýurdumyzda Gümrük gullugy tarapyndan ornaşdyrylan «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň aýratynlyklary we ýerine ýetirýän wezipeleri barada Ýaponiýanyň gümrük edarasynyň hünärmenlerini tanyşdyrdylar. Şeýle-de ýaponiýaly hünärmenler öz gezeginde «Gümrük maglumat ulgamy» hem-de «Bir penjire» ulgamlary boýunça öz tejribelerini paýlaşyp, bu ulgamlaryň ornaşdyrylyşy, ýerine ýetirýän wezipeleri we işleýiş tertibi boýunça giňişleýin belläp geçdiler.

1,24 milliarda ýeter

«International Data Corparation» kompaniýasynyň seljermelerine laýyklykda, 2024-nji ýylyň jemleri boýunça dünýäde smartfonlaryň satuwynyň möçberiniň 6,2 göterim ýokarlanyp, olaryň sanynyň 1,24 milliarda çenli artmagyna garaşylýar. Smartfon satuwynda öňdebaryjy kompaniýalaryň başynda, elbetde, «Apple» durýar. Sanawyň yzygiderliligini bolsa, smartfon öndüriji ägirtler, ýagny «Xiaomi», «Samsung», «Oppo» ýaly kompaniýalar düzýär.

«Casio» kompaniýasyndan täze sagat

26-njy oktýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda «Casio» kompaniýasy «Storm Chaser G-Shock Metal (MTG-B2000YST1)» atly sagadyny görkezdi. Gün energiýasy bilen işleýän sagadyň üst tarapy garaňkyda ýagty saçýandyr. Şeýle-de agramy 104 grama deň sagat suw geçirmeýär. Onuň bahasy 1450 amerikan dollary möçberinde bolar.

«Range Rover» tanyşdyryldy

25-nji noýabrda täze «Range Rover» awtoulagynyň tanyşdyrylyşy boldy. Awtoulaga «Range Rover SV Orpheus Edition 2024» diýlip at berildi. Ol «Blue Gloss» reňkinde bolup, awtoulag diňe Awstraliýa üçin satuwa niýetlenendir. Awtoulagyň bahasy 338 317 amerikan dollaryna deň bolar.

«Huawei» sagat hödürledi

«Huawei» kompaniýasy «Watch Ultimate Design Sapphire Edition» atly gymmat bahaly materiallardan taýýarlanan «akylly» sagadyny hödürledi. Sagadyň ýüzüne 18 karatly altyn çaýylan. «Watch Ultimate Design Sapphire Edition» sagadynyň bahasy 3300 amerikan dollaryna deň bolar.

10 göterim ýokary girdeji aldy

«Dell Technologies» kompaniýasynyň şu ýylyň üçünji çärýeginde girdejisi 10 göterim ýokarlandy. Kompaniýanyň görkezilen möhletde girdejisi 24,4 milliard amerikan dollary, arassa girdejisi bolsa 1,58 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Ýeri gelende bellesek, «Dell Technologies» kompaniýasynyň esasy öndürýän tehnologiýasy noutbuklardyr.

Täze «BMW» görkezildi

Geçen hepdäniň başynda «BMW 225i Coupe M Sports Night Package» awtoulagy görkezildi. Awtoulag müşderilere «Snow Mountain White», «Mineral White», «Sapphire Blue», «Portimao Blue», «Lightning Purple», «Brooklyn Grey» reňklerinde hödürlener. Täze «BMW» awtoulagynyň bahasy 41700 amerikan dollaryna deň bolar.

«Alibaba» täze emeli aň modelini hödürledi

«Alibaba» kompaniýasy «QwQ-32B-Preview» atly täze açyk başlangyç kodly emeli aň modelini hödürledi. Ol çylşyrymly logiki we matematiki meseleleri çözmäge ukyply bolup, hatda «OpenAI» kompaniýasynyň «o1-preview» we «o1-mini» modellerinden hem ýokarydyr diýip, «TechCrunch» habar berýär. Täze ulgamyň 32,5 milliard parametri bolup, ol uzynlygy 32 müň söze çenli talaplary gaýtadan işlemäge ukyply. Model «AIME» we «MATH» synaglarynda artykmaçlyklaryny görkezdi. Bu synaglar emeli aňyň çylşyrymly matematika meselelerini we logiki tapmaçalary çözmek ukybyna baha berýär. Şeýle-de bolsa, «QwQ-32B-Preview» aragatnaşyk dilini duýdansyz üýtgetmek meýli we paýhasly pikirlenmegi talap edýän meseleleri çözmekde kynçylyk çekmek ýaly kemçilikleri bar. Bu model beýleki emeli aňyň ulgamlaryna mahsus bolan ýalňyşlyklardan gaça durmaga kömek edýän öz-özüni barlamak funksiýasyna eýedir. Bu onuň işini haýalladýar, ýöne çözgütleriň takyklygyny ýokarlandyrýar. Bu modeli «Hugging Face» platformasyndan göçürip alyp bolýar, ýöne «Alibaba» içerki gurluşyna doly göz aýlamaga mümkinçilik bermän, diňe käbir böleklerini açdy. «QwQ-32B-Preview» Hytaý düzgünleşdirijilerine doly laýyk gelýär. Açyk çeşme koduna garamazdan, model ylmy we täjirçilik maksatly ulanylmagyny çäklendirýän, bölekleýin ýapyk bolmagynda galýar. Şeýle «pikirlenip bilýän» modellere bolan gyzyklanmanyň artmagy emeli aňa adaty çemeleşmäniň ha

Ulag ul­ga­my­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra forum

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 25-26-njy no­ýabr­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da­ky Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň bi­na­syn­da «Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri: öza­ra ara­bag­la­ny­şyk we ösüş — 2024» (ITTC-2024) at­ly hal­ka­ra mas­la­hat we ser­gi­ ge­çi­ril­di. Bu ýo­ka­ry de­re­je­li çä­rä­ni Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi we «Bel­li» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti bi­le­lik­de gu­ra­dy.

Innowasion tehnologiýalar: ykdysady ösüşiň açary (Ylym we geljek)

Häzirki wagtda ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek, sanly ykdysadyýetiň täze ugurlaryny durmuşa ornaşdyrmak babatda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen bu babatdaky gatnaşyklara möhüm üns berilýär. 26-27-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy. Möhüm çärä gatnaşan myhmanlaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Sin, şeýle-de dostlukly ýurduň ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylaryndan, ylmy işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybarat wekiliýet boldy.

LG we Samsung dünýäde ilkinji emeli aň tehnologiýaly smartfony taýýarlaýar

Alyjylar elektronikasynyň iň iri dünýä öndürijileriniň biri bolan Günorta Koreýanyň LG kompaniýasy beýleki iri kompaniýalaryň biri bolan Samsung bilen bilelikde dünýäde ilkinji emeli aň tehnologiýa binýadynda smartfony taýýarlaýarlar. Smartfon LG Uplus ýerli ykjam aragatnaşyk operatorynyň müşderileri üçin ixi-O ýokary tehnologiýa sanly kömekçi bilen enjamlaşdyrylan.

San­ly dün­ýä­niň giň müm­kin­çi­lik­le­ri

«Türk­men­tel — 2024» hal­ka­ra fo­ru­myn­da Ýa­kyn­da paý­tag­ty­myz­da te­lea­ra­gat­na­şyk, te­le­met­ri­ýa, ha­bar be­riş til­si­mat­la­ry­nyň we te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş en­jam­la­ry­nyň «Türk­men­tel — 2024» at­ly XVII hal­ka­ra ser­gi­si we yl­my mas­la­hat ge­çi­ril­di. Her ýyl gu­ral­ýan bu hal­ka­ra fo­rum ýur­du­myz­da mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bo­ýun­ça iri çä­re­le­riň bi­ri bol­mak bi­len, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar, in­no­wa­si­ýa­lar, te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ryn­da ýe­ti­len sep­git­le­ri ta­nyş­dyr­ma­ga, tej­ri­be alyş­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.

Wi-Fi zolagy — durmuş döwrebaplygy

Öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylan sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň bina edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde yzygiderli amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesidir. Dünýä binagärliginde täze sahypany açan Arkadag şäherinde şähergurluşygynyň iň gowy däpleri dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Munuň özi sanly we «akylly» tehnologiýalaryň şäheridigini aňladýar. Muňa mysal hökmünde «akylly» şäheriň edara binalarynda, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda hem-de ähli bilim ojaklarynda ornaşdyrylan sanly ulgamyň mümkinçiliklerini bellemek gerek. Häzirki tehnologiýalaryň ösen döwrüne «Internet asyry», «Maglumat asyry» ýaly atlar berilmegi hakykatdan daş düşmeýär. Sebäbi biz gündelik durmuşymyzda häli-şindi sanly ulgam bilen ýüzleşip durýarys. Bu babatda ýurdumyzda uly mümkinçilikler bar. «Akylly» şäherde sanly ulgamy şäheriň adyndan aýratynlykda göz öňüne getirip bilmeýäris. Çünki ornaşdyrylan mümkinçilikler şeýle diýmäge doly esas berýär.

Innowasiýalar — üstünlikleriň möhüm şerti

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň oktýabrynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda geçirilýän bu çäräniň maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň we milli innowasiýa ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Bu möhüm çärä gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Sin, şeýle-de dostlukly ýurduň ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylaryndan, ylmy işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybarat wekiliýet Aşgabada geldi.

Döwrebap tehnologiýalarda täze önümçilikler

Paýtagtymyzyň bazarlaryna, söwda dükanlaryna aýlanýan wagtyň, gözüňi dokundyrýan dürli görnüşli harytlaryň arasyndan «Maksada okgunly» haryt nyşanly önümlerde biygtyýar nazaryň eglenýär. Harydy eliňe alyp, onuň hind guşunyň etinden taýýarlanandygyna, del tagamly, saglyk üçin peýdalydygyna göz ýetireniňde bolsa, dessine satyn almaga höweslenýärsiň. Alyjylarda öz önümlerine bolan ýokary islegi döredýän tejribeli telekeçä Maksat Ibragimow diýýärler. Ýurdumyzda ilkinji bolup hind guşunyň etiniň önümçiligini ýola goýan halypa telekeçiniň ýolbaşçylygyndaky döwrebap guşçulyk toplumy Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär. Ussat telekeçiniň indi köp ýyldan bäri halkymyzy hind guşunyň del tagamly eti bilen üpjün edip gelýändigini bellemek ýakymly. Ýeri gelende, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Maksat Ibragimowyň ýurdumyzda hind guşunyň etini ilkinji bolup daşarky bazara çykarandygyny hem aýtmaly. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanýan telekeçiler häzirki wagtda öz önümlerini Azerbaýjan we Gruziýa döwletlerine yzygiderli eksport edýärler.

«Belet Film» ykjam programmasynyň işleýşini kämilleşdirdi

Meşhur türkmen onlaýn kinoteatry «Belet Film» ykjam programmasy üçin möhüm täzelenme çykardy. Bu gezek döredijiler ulanyjy tejribesini, howpsuzlygyny we nawigasiýa ýeňilligini ýokarlandyrmaga ünsi jemlediler: 1. Şikaýatlar sahypasy. Ulanyjylar indi filmlere tomaşa edýärkäler ýüze çykan islendik tehniki meseleler ýa-da ýalňyşlyklar barada çalt hem-de ýeňil habar berip bilerler. Aragatnaşyk üçin aýratyn sahypa maglumatlary döredijilere çalt ibermäge we näsazlyklary düzetmek prosesini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

«Xiaomi» äýnek çykarar

«Xiaomi» kompaniýasy 2025-nji ýylda emeli aň bilen işleýän äýnek çykarmagy meýilleşdirýär. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, emeli aň bilen işleýän äýnek öňümizdäki ýylyň birinji ýarymynda, has takygy, aprelde geçirilýän «Mi Fan» festiwalynyň çäklerinde tanyşdyrylar.