"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sagdyn durmuş — bagtyýar geljek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni has-da giň gerime eýe etmek, sporty ösdürmek, jemgyýetde, aýratynam, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, berk bedenli, sagdyn ruhly, ruhubelent, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky işlere aýratyn üns berilýändigi guwandyrýan hakykatdyr. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde ata Watanymyz sagdynlygyň hem ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Häzirki döwrümiz sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmagyň we her bir raýatyň bu asylly ýörelgä eýermegini gazanmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň zamanasy bolup dabaralanýar. Ýaşlaryň arasynda sporta we köpçülikleýin bedenterbiýä bolan höwesi, söýgini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň hatarynda wagyz-ündew çärelerine hem uly orun degişlidir. Şeýle çärelerde sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge, zyýanly endiklerden daşda bolup, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga, sagdyn bedenli bolmaga çagyryşlar belentden ýaňlanýar. Bu çagyryşlardan ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty hemişelik hemra edinmegi öz borjumyz saýmalydyrys.

Saglygyň gadryny bilgil...

Pasyl çalşygynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar Pasyl çalşygynda özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli.

Sagdynlyk kadalary

Derman senagatynyň önümleri

Ýurdumyzyň çäginde 20-den gowrak bejeriş ähmiýetli çeşmeler bar. Şolaryň biri-de Berzeňňidäki çeşmedir. Onuň 1250 metr çuňlukdan özi akyp çykýan 1-nji guýusynyň düzüminde köpsanly peýdaly minerallary saklaýan suwy bardyr. «Berzeňňi» mineral suwunyň düzüminde azot, kükürtli wodorod gazy, sulfatlar, kalsiý, magniý, az mukdarda ýod, brom, sink, marganes ýaly mikrogoşundylar bar. Gidrogeohimiki nukdaýnazardan, bu mineral suw bejeriji-naharhana suwlar toparyna degişlidir. «Berzeňňi» mineral suwuny iýmit siňdiriş agzalarynyň kesellerinde, dowamly gastritiň beterleşmedik döwründe, reflýuksezofagit motor we ewakuasiýa funksiýalarynyň bozulmagynda, aşgazan we onkibarmak içegäniň baş keseliniň gaýtgynynda, ýokanç däl gelip çykyşly dowamly kolitlerde we enterokolitlerde, içegäniň disfunksiýasynyň beterleşmedik ýagdaýy ýaly kesellerde ulanmak maslahat berilýär. Şeýle-de bu suw endokrin kesellerinde, süýjüli diabetde ulanylýar. «Berzeňňi» mineral suwuny urologiýa kesellerinde, dowamly böwrek ýetmezçiligi we azotemiýanyň ýeňil derejelerinde, dowamly piýelonefritiň gaýtgyn döwründe ulanmak peýdalydyr. Önümçilikde hil we mikrobiologiýa barlaglary amala aşyrylyp, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine, ulanylýan suwuň, çig mallaryň, gaplamalaryň hiline yzygiderli gözegçilik edilýär.

Saglyk — baş baýlyk

Saglyk ähli döwürlerde hem jemgyýetçilik gymmatlygy bolupdyr. Adamlaryň durmuş bagtyýarlygy, ilkinji nobatda, olaryň saglygy bilen berk baglanyşyklydyr. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýýär. Şeýle hem halk aýtgylarynda bagtly bolmagyň on şertiniň dokuzysynyň beden saglygynyň berk bolmagy bilen baglydygy beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen durmuşa ornaşdyrylýan beýik işleriň ählisiniň özeninde halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän maşgalalary döretmek, ýaş nesliň bilimli, jemgyýete peýdaly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak baradaky asylly ýörelgeler bar.

Saglyk — baş baýlyk

— Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. — Elleri elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Suw we onuň adam bedenine täsiri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, ilaty we halk hojalygynyň pudaklaryny suw bilen bökdençsiz, ýeterlik mukdarda üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda suw babatda bitirilýän işler hut şu durmuş hakykatyndan gözbaş alýar. Netijede, halkymyzy arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, ekerançylyk meýdanlarynda suwy tygşytly we netijeli ulanmak, suw üpjünçiligi ulgamynda täze döwrebap tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak barada alnyp barylýan işleriň gerimi ýylsaýyn giňeýär. Suw gorlary ýurdumyzyň tebigy genji-hazynasynyň iň gymmatly bölegidir. Sebäbi suw halk hojalygynyň ähli pudaklary we ulgamlary üçin iňňän zerur serişdedir. Şeýle-de agyz suwy bilen üpjünçilik halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biridir. Ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi hasaplanýan suwuň bisarpa tutulmazlygy üçin özboluşly desgalary gurupdyrlar. Halk tebipçiliginde hem suwuň dürli görnüşlerinden ýerlikli peýdalanylyp, dertlere em edilipdir.

Dişleriňi aýap saklamagyň ýollary

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda ynsan saglygyny iň ileri tutulýan zerurlyk hökmünde görüp, saglyk hakynda wagyz-ündew çäreleriniň yzygiderli alnyp barylmagyna hem aýratyn üns berýär.

Buýan — dermanlyk ösümlik

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Halkymyzda «Dertliniň dermanyny öz topragyndan gözle» diýlen aýtgy bar. Dermanlyk ösümliklere baý bolan türkmen topragynda islendik derde derman tapmak bolýar. Dermanlyk häsiýeti ýokary bolan şeýle ösümlikleriň biri hem buýandyr. Bu ösümligiň ady grekçeden terjime edilende, «Süýji kök» diýmegi aňladýar. Irki döwürlerde bu ösümligi «Altyn kök» diýip hem atlandyrypdyrlar.

Be­den­ter­bi­ýe, he­re­ket we sport ba­ra­da

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Be­den­ter­bi­ýe ada­myň öz sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge we fi­zi­ki ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len işi­dir. He­re­ket öm­rüň ha­zy­na­sy­dyr.

Çaýyň peýdasy hakynda

Çaý gadymy döwürlerden bäri dünýäniň dürli yklymlarynda halk lukmançylygynda bejeriş ähmiýetli içgi hasaplanylyp gelinýär. Türkmen halkynyň durmuşynda hem örän ähmiýetli orna eýe bolan bu içginiň düzümindäki peýdaly maddalar adamyň diňe bir keýpini göterip, rahatlandyrmak bilen çäklenmän, birnäçe gaýraüzülmeleriň öňüni almaga hem uly ýardam edýär. Çaý, ilkinji nobatda, ýürek üçin peýdalydyr. Bu ugurda bilermenler çaýy köp içýän adamlaryň, esasan hem, gök çaýy köp ulanýanlaryň ýüreginiň sagdyn bolýandygyny aýdýarlar. Gök çaý gan basyşynyň we holesteriniň derejesini peseltmäge hem-de rahatlanmaga kömek edýär.

Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek

Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegini, oňa ählumumy elýeterliligiň gazanylmagyny şertlendirdi. Onuň esasy maksady ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil, ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekden ybaratdyr. «Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda, enäniň we çaganyň saglygyny has-da gowulandyrmak, zenanlary reproduktiw döwründe ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek, maşgala medeniýetini kämil derejä ýetirmek ugrunda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin köp möçberde düýpli maýa goýumlary goýuldy hem-de özleşdirildi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýöriteleşdirilen häzirki zaman hassahanalary gurlup ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk 670 orunlyk innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, welaýatlarymyzdaky we Aşgabat şäherindäki «Ene mähri» merkezleri, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky ýöriteleşdirilen psihonewrologiýa çagalar öýi hem-de Mary welaýat çagalar hassahanasy we beýleki kesel anyklaýyş merkezleri

Sagdynlygyň girewi

Gündelik fiziki maşklar saglygy berkidýär. Maşklarynyň esasy maksady günüň dowamynda adamyň özüni işjeň ýagdaýda saklamak üçin kesgitlenen hereketleri ýerine ýetirip, bedenini dürli kesellerden goramagy gazanmakdan, nerw ulgamyny berkitmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, her bir ukyply adama, ýaşyna, jynsyna, çekýän zähmetine we geçiren kesellerine garamazdan, sagaldyş maşklaryny ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Sagaldyş maşklaryna, ilkinji nobatda, irden ýerine ýetirilýän maşklar degişlidir. Olaryň hasabyna beden uky ýagdaýyndan oýa ýagdaýyna çalt geçýär. Bedenterbiýe maşklary gan aýlanyşygyny güýçlendirýär, dem alşy kadalaşdyrýar, madda çalşygyny ýokarlandyrýar.

Sagdynlyk kadalary

Bahar paslynda günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly.

Ak ýürekden haklarys

Galkynyşdan ganatlanan döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda we welaýatymyzda saglygy goraýyş ulgamynda dünýä lukmançylygynyň öňdebaryjy gazananlary üstünlikli ornaşdyrylýar. 2021—2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda inçekeseliň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça milli maksatnama laýyklykda bu kesele garşy hem düýpli çäreler durmuşa geçirildi. Paýtagtymyzda aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi guruldy. Ilata halkara ülňüleriniň derejesinde häzirkizaman lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterli giň toplumy ýola goýuldy. Häzirki wagtda dürli görnüşli keselleriň 15-den gowragynyň garşysyna ýokary hilli öňüni alyş sanjymlary edilýär. Olaryň arasynda çaga doglanda inçekesele garşy sanjymlar hem bar. Bu işleri halkara derejesinde alyp barmak maksady bilen ýurdumyz köpsanly halkara guramalar bilen aragatnaşyk saklaýar. Ýurdumyzda inçekeseliň garşysyna alnyp barylýan işleriň netijelerine BMG-niň we onuň iri düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we beýleki halkara guramalar tarapyndan ýokary baha berilýär. Biziň welaýat hassahanamyzda hem häzirkizaman lukmançylyk enjamlarynyň dürli görnüşlerinden peýdalanylýar. Hassahanamyzyň barlamhanasynda, şeýle hem etrap hassahanalarynyň birnäçesinde inçekeseli ýüze çykarmak,

Saglygyň gadyryny bilgil...

Saglyk — uly baýlyk. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde belent sarpa eýe bolup, ady dünýä dolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun,

Ýagşy ýörelge — dowamat-dowam

«Halkymyzyň saglygy baş baýlygymyzdyr. Şoňa göräde, ynsan saglygyny goramak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işleri geljekde hem dowam etdiriler» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň bu sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp durmuş hakykaty bolup dabaralanýar. Häzirki döwürde gurlup ulanmaga berilýän saglygy goraýyş merkezlerinde, hassahanalarda, şypahanalarda, sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, sport ulgamyna degişli desgalarda döredilen dünýä hil ülňülerindäki şertmümkinçilikler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde baş baýlygyň halkyň saglygy bolup durýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Aýratynam, sagdyn, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynda esasy üns berilýän ugurlaryň biridir. Ata-babalarymyz irki döwürlerden bäri zyýanly, ýaramaz pişelerden gaça durmagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi öz nesillerine sargyt edip gelipdirler we muny durmuşda hökman berjaý edilmeli kadalaryň hatarynda görkezipdirler. Ajaýyp zamanamyzda pederlerimiziň şol ýörelgesiniň dowamat-dowam bolýandygy her birimizi buýsandyrýar. Sebäbi sagdynlyk, sagdyn durmuş ýörelgesi ähli gözellikleriňem, üstünlikleriňem gözbaşydyr.

Saglyk — baş baýlyk

♦Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmaklygyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. ♦Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda özüňiziň ýa-da çagalaryňyzyň durmagyna ýol bermeli däl. 

Sagdynlyk — ruhubelentlik

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak ulgamy, keselleriň öňüni alyş, maşgala lukmançylygy döwlet tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Maşgala lukmançylygy ýörelgesiniň giňden ornaşdyrylmagy, mekdeplerde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda we bilim ojaklarynda, şeýle-de dürli ugurdaky edara-kärhanalarda möwsümleýin lukmançylyk barlaglarynyň geçirilmegi, ýokanç kesellere garşy öňüni alyş sanjymlarynyň ilata mugt edilmegi we bu keselleriň döremegine getirýän hadysalary aradan aýyrmakda degişli edaralaryň işiniň has işjeňleşdirilmegi birnäçe keselleriň soňuna çykylmagyna, beýlekileriň bolsa berk gözegçilikde saklanmagyna uly mümkinçilik döretdi. Keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň ýurdumyzda ýokary derejede alnyp barylmagynyň netijesinde, ýokanç keseller bilen keselçilik has peseldi.

Nesiller guwanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, aýratyn-da, eneleriň saglygynyň degişli derejede saklanmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, eneleriň saglygynyň berkidilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, sagdyn ene bolmasa, sagdyn çaganyň bolmajakdygyny belleýär. Ýurdumyzda hereket edýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezlerinde hem çaganyň saglygyny goramakda möhüm işler alnyp barylýar. Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we goldamak barada amala aşyrylýan işler uly netijesini berýär. Bu ugurda Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy, Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy, «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn gelejek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasy boýunça halkara guramalar bilen netijeli işler alnyp barylýar.