"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gipertrenziw bozulmaly zenanlarda düwünçegiň endikli ýitirilme sindromynda böwreklerde gan aýlanyşygynyň aýratynlyklary

Perinatal keselçiligiň we ölümçiligiň öňüni almagyň soraglary döwrebap akuşerçiligiň esasy meseleleriň biri bolup durýar (Батрак Н.В., Малышкина А.И., Крошкина Н.В., 2015). Göwrelilikde gipertenziw bozulmalar (GB) göwreli zenanlaryň, takmynan, 10%-de duş gelýär [4, 6]. Bütindünýä saglygy goraýyş gurmasynyň (BSGG) maglumatlaryna gorä, her ýylda dünýäde 50 müňden gowrak zenan göwrelilik döwründe arterial gipertenziýa bilen bagly kynçylyklaryň ýüze çykmagyndan ýogalýarlar, ene ölümçiliginiň düzüminde GB 20-30%-i tutýar [1]. Göwrelilik döwründe zenanyň bedeninde düwünçegi goramaklyga we onuň ösmegine gönükdirilen wagtlaýyn üýtgemeler ýüze çykýar. Fiziologiki göwrelilik ulgamlaýyn wazodilatasiýa bilen häsiýetlenýär, bu ýagdaýda böwrek gan aýlanyşynyň we ýumajyklaryň filtrasiýa tizliginiň ýokarlanmagy 35-50%-de duş gelýär. Bu görkezijileriň iň ýokary derejeleri eýýäm göwreliligiň I üçaýlygynda anyklanýar [2]. Böwrekler bedeniň mikrosirkulýator ulgamyny esaslandyryp, metabolizmi we gumoral sazlaşygy emele getirýän wajyp agza bolup durýarlar. Göwrelilik döwründe zenanyň böwrekleriniň düwünçegiň metabolizminiň önümlerini hem bölüp çykarmagy sebäpli, ýokary agramlykda işleýärler [3]. Aýlanýan ganyň göwrüminiň we gan aýlanyşygyň köpelmegi böwrekleriň azody bölüp çykaryjy funksiýasynyň üýtgemegine getirýär. Ganyň suwuklygynda fiziologiki giperwolemiýa esasynda moçewinanyň derejeleriniň pe

Il saglygy — ýurt baýlygy

Bähbitli işleriň bady artýar Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenilişi ýaly, döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Şonuň üçinem Garaşsyz döwletimizde ilatyň saglygyny goramakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen tagallalary ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny hil taýdan täze derejelere çykarmaga mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk öýleri, keselleri anyklaýyş merkezleri gurlup, ulanmaga berilýär. Il-gün bähbitli şeýle işleriň üstümizdäki — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda-da rowaç alýandygy guwanç duýgusyny döredýär.

Tomus paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:

Çagalarda doga oňurga beýnisiniň ingileriniň hirurgiki bejergisiniň netijeliligi

Oňurga beýniniň ingisi çagalarda duş gelýän agyr, bejergisi kyn we çylşyrymly bolan doga kemislikleriniň biri bolup, ol merkezi nerw ulgamynyň doga kemislikleriniň 65%-ni tutýar. Bu doga kemislik 50-80% ýagdaýda gidrosefaliýa bilen bilelikde utgaşyp gelýär, likwor geçiriji ýollary açylmadyk ýagdaýda gidrosefaliýanyň derejesi has artyp, çaganyň nerw-psihiki, fiziki ösüşini peseldýär we maýyplyga eltýär [1, 2]. Dogabitdi oňurga beýniniň ingisiniň (DOBI) ýeke-täk bejergisi operatiw usul bolup durýar. Operatiw bejergi çagalaryň ýaşyna, inginiň ýerleşişine, oňurga sütüniniň kemisliginiň ölçegine hem-de gidrosefaliýanyň derejesine baglylykda amala aşyrylýar. Çaganyň ilkinji günlerinde operatiw bejergi geçirilmese, inginiň derisiniň infisirlenmesi, inginiň ulalmagy, ýarylmagy, newrologiki bozulmalaryň we gidrosefaliýanyň derejesiniň artmagy ýaly gaýra üzülmeler ýüze çykýar [3, 4].

Çagalaryň termiki şikeslerinde gemostaz ulgamynyň ýagdaýy

Termiki ýanyk şikesi çagalarda tötänleýin şikesleriň arasynda üçünji orunda durýar. Deriniň umumy meýdanynyň 10%-den köp böleginiň ýanmagy çagalarda umumy we ýerli bozulmalary bilen häsiýetlendirilýär. Çaganyň ýaşy, ýanyk şikesiniň agyrlyk derejesi, näsaga geçirilen bejerginiň dogrulygy we onuň öz wagtynda geçirilmegi dürli beden agzalary tarapyndan patologik reaksiýalaryň ýüze çykyş derejesini we keseliň ahyrky netijesini kesgitleýän faktorlar bolup durýarlar [2]. Ýanyk şikesli näsaglarda koagulopatiýa prokoagulýant we antifibrinolitik üýtgeşmeler bilen häsiýetlendirilýär hem-de tebigy antikoagulýant ulgamynyň işjeňliginiň bozulmasy anyklanylýar [5]. Agyr ýanyk şikesli näsaglaryň gemostaz ulgamynyň funksional ýagdaýyna baha bermek üçin näsagyň ýanyk şogundan çykandan soňky irki döwürde giperkoagulýasiýanyň derejesini hasaba almak zerurdyr: fibrinogeniň ýokarlanan derejesi, tebigy antikoagulýant – antitrombin III peselme derejesi.

Böwrekleriň howply täze döremelerini tapawutlandyrmakda ýüze çykýan kynçylyklar

Böwrekleriň howply täze döremeleri uly adamlarda ähli howply täze döremeleriň 2-3%-ni düzýär, urologiki keselleriň arasynda 5-6%-e deň bolup, anyklamakda dürli kynçylyklar ýüze çykýar. Soňky döwürde böwrekleriň howply täze döremeleri (BHTD), esasan, kiçi görnüşli täze doremeleriň alamatsyz geçmekliginiň hasabyna ösmeklige ýykgyn edýär [1, 2]. Bu bolsa kliniki amalyna anyklaýyş usullaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen bagly bolup, ultrases barlagynyň (USB), köp gatlakly kompýuter tomografiýanyň (KGKT), rentgen barlagynyň (R), magnit rezonans tomografiýanyň (MRT) esasynda tötänden ýüze çykarylan alamatsyz geçýän BHTD-niň ýygylygyny umumy böwrekleriň beýleki anyklanan keselleriniň arasynda 25-40%-e çenli ýokarlandyrdy. Tötänden anyklanan täze döremeleriň T1 we T2 derejede bolmagy keseliň çaklama netijesini gowulandyrýar. Hirurgiki bejerginiň öz wagtynda geçirilmegi wajyp orny eýeleýär, sebäbi BHTD şöhle hem-de himiýa bejergä pes derejede duýgurly bolýar [3-5]. Kiçi görnüşli täze döremeleriň sanynyň köpelmegini göz öňünde tutup, anyklaýyş usullara bolan talaplar güýçlenýär, şol sanda hem şöhle anyklaýyş usullara, ýagny KGKT-ne hem talap artýar, ol diňe bir howply ýa-da howply däldigine jogap bermän, eýsem, täze döremäniň derejesini kesgitlemekde, keseli ýüze çykarmakda, tapawutlandyryjy anyklaýyşda hem ähmiýeti uludyr. Şol bir wagtda umumy statistiki barlaglar bu meselede çozülmedik

Buýan köküniň gaýnatmalarynyň fitonsid häsiýetlerini ýüze çykarmak

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri ýurdumyzyň ylmy işgärlerinde uly gyzyklanma döredip, täze ylmy gözleglere, ylmy derňewlere itergi berýär [1]. Mälim bolşy ýaly, lukmançylykda dermanlyk serişdelerini elýeterli etmeklik esasy meseleleriň biridir [2]. Bu talaplar bolsa, ilki bilen, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan derman serişdelerine degişli bolup durýar. Mundan ugur alyp, buýan ösümliginiň kökünden alnan gaýnatmalar babatda maglumatlar anyklandy.

Kawasaki keseliniň döwrebap anyklanyşy we bejergisi

Kawasaki keseli (KK) – bu ulgamlaýyn, köplenç, kiçi we orta göwrümli arteriýalaryň zeperlenmegi bilen häsiýetlenýän, nekrotizirleýji waskulitdir. KK-da 20% ýagdaýlarda koronar damarlar zeperlenýär [1, 2, 4]. 1967-nji ýylda ilkinji gezek bu kesel ýaponiýaly lukman Tomisaki Kawasaki tarapyndan beýan edilipdir.

Gün şöhlesiniň täsiri

Gün şöh­le­si dür­li şöh­le­len­me­le­riň güýç­li çeş­me­si bo­lup, ola­ryň için­de ult­ra­me­lew­şe şöh­le­si wa­jyp äh­mi­ýe­te eýe­dir. Olar az muk­dar­da adam be­de­ni­ne, esa­san hem, ça­ga­la­ra has ze­rur­dyr. Ol şöh­le­ler adam be­de­ni­niň ös­me­gi we kä­mil­leş­me­gi üçin ge­rek bo­lan wi­ta­min­le­riň eme­le gel­me­gi­ne gat­naş­ýar­lar. Çen­de­na­şa güýç­li Gün şöh­le­si agyr ke­sel­le­riň, şeý­le-de howp­ly tä­ze dö­re­me­le­riň eme­le gel­me­gi­ne se­bäp bo­lup bil­ýär. Her bir adam ça­ga­lyk­dan baş­lap, Gün şöh­le­si­ni dür­li de­re­je­de du­ýup baş­la­ýar, ýag­ny il­ki my­la­ýym ýy­ly­lyk, soň­ra de­ri­si­niň gy­zar­ma­gy. Gün şöh­le­si­niň uzak wagt­lap en­da­my­na tä­sir et­me­gi de­ri­niň ýan­ma­gy­na ge­tir­ýär. Gün uran adam­da il­ki­baş­da ýa­daw­lyk, ys­gyn­syz­lyk, kel­la­gy­ry, ba­şaý­lan­ma, aýak­la­ryn­da we ar­ka­syn­da agy­ry eme­le gel­ýär. Soň­ra gu­lak­şaň­la­ma, dem gys­ma­nyň ýü­ze çyk­ma­gy we ýü­re­gi­niň çalt ur­ma­gy müm­kin. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda lukmana ýüz tutmak maslahat berilýär. Gün ur­ma­dan nä­dip go­ran­ma­ly?

Tomus paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda kabul etmeli. С witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli.

Sagdyn maşgala — döwletiň berk binýady

Ýurdumyzda «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen halkyň saglygy ugrundaky alada döwlet syýasatymyzda möhüm wezipeleriň birine öwrüldi. Şunuň bilen birlikde sanda, sagdyn jemgyýeti berkarar etmek, ynsan saglygyna ýaramaz täsir edýän nogsanlyklary aradan aýyrmak boýunça hem möhüm işler durmuşa geçirilýär. Raýatlaryň saglygyny goramak we berkitmek babatynda amala aşyrylýan möhüm çäreleriň hatarynda geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklaryň ähmiýetini aýratyn nygtamak gerek. Ösüp gelýän ýaş nesli sagdynlyk ruhunda terbiýelemek, zyýanly endiklere garşy bilelikde göreşmek maksady bilen biz hem degişli gulluklaryň wekilleri bilen bilelikde ilatyň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri ýygy-ýygydan geçirýäris. Olarda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak ugrunda edilýän bimöçber aladalar, döredilýän giň mümkinçilikler, lukmançylyk edaralarynda ilata edilýän döwrebap hyzmatlar dogrusyndaky çykyşlara aýratyn orun berilýär. Şonuň ýaly-da bu ähmiýetli çärelerde spirtli içgileri içmegiň we temmäki önümlerini ulanmagyň kanun bozmalara getirip bilýän ýagdaýlary barada hem giňişleýin gürrüň edilýär. Lukmanlarymyzyň iş tejribesine salgylanyp edýän çuň manyly çykyşlary ýaşlarda aýratyn täsir galdyrýar.

Arkadagyň sahawaty — ynsanperwerligiň nusgasy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sagdyn nesli kemala getirmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. 2021-nji ýylyň mart aýynda «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky» Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Haýyr-sahawat gaznanynyň hemaýaty bilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde, welaýat köpugurly hem-de çagalar hassahanalarynda birnäçe çagalara möhüm operatiw bejergiler geçirilýär.

Gysylan blismus

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Gysylan blismus - ýylaklar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 15-20 sm köpýyllyk otjumak wekili. Başjagazy baldagyň ujynda iki hatarly ýerleşýär, käte aşagy gysga şahalanan ýasyrak başy. Gülýanynyň pytanaklarynyň sany 3-6. Miwesinden 2 esse uzynrak. Tumşujagy 2 sany. Kindiwanja teňňejigi we güli başda towlamly birnäçe hatarda ýerleşýär. Başy ýasy däl, kese kesimde togalak, seýrek başjagazy iki hatarly, ýöne gül çogdamy baldagyň ujunda ýerleşýär. Miwesi ýasy, bükük.

Sorag-jogap

Doly bejeriş almaly «Dowamly endometrit nähili kesel? Ony doly bejerip bolýarmy? Dowamly endometrit anyklanan aýal göwreli bolup we sagdyn çaga dogrup bilermi?».

Şüle näme üçin peýdaly?

Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, dosent Gözel Öwezowa habarçymyzyň haýyşy boýunça türkmen saçagynyň bezegi bolan şüle hakynda gürrüň berýär. Dürli ýarmalardan we bitewi dänelerden taýýarlanýan şüle witaminlere, makro-mikroelementlere, kletçatkalara, ösümlik beloklaryna, uglewodlara baý bolup, bedeni iýmitlendiriji maddalar we gündelik talap edilýän energiýa bilen ýeterlik derejede üpjün edip bilýär. Bu tagam beden agzalarynyň işine oňyn täsir edýär, içegeleri işjeňleşdirýär, deriniň ýagdaýyny gowulandyrýar, aşgazan-içege keselleriniň öňüni almaga ýardam edýär.

Infarktdan, insultdan goranmakçymy?

Habarçymyz Narjan Ilmyradowa insultyň, infarktyň we beýleki ýürek-damar keselleriniň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri bolan tromboz bilen baglanyşykly soraglara jogap bermegi Aşgabat şäheriniň 10-njy saglyk öýüniň kardiorewmatolog lukmany Žanna Allakowadan haýyş etdi. — Tromboz näme? Onuň döremegine näme sebäp bolýar?

Göwrelilik döwründäki näsazlyk

Ganazlyk aýallarda göwrelilik döwründe has ýygy duş gelýän näsazlyklaryň biridir. Ol diňe bir enäniň däl-de, eýsem, onuň göwresindäki çaganyň hem saglygyna uly zyýan ýetirip bilýär. Dowamly ganazlyk göwredäki çagada kislorod ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyna hem-de munuň netijesinde, onuň fiziki we psihiki ösüşiniň bökdelmegine, geljekde dogabitdi keselleriň döremegine getirip bilýär. Ganazlygyň enäniň hem-de onuň göwresindäki çaganyň saglygyna ýetirýän zyýanynyň möçberine göz ýetirmek üçin ilki bilen bu kesel barada umumy düşünje almak zerurdyr. Ganazlyk ganda gemoglobiniň derejesiniň peselmegi hem-de köplenç, şol bir wagtda eritrositleriň (gyzyl gan öýjükleri) mukdarynyň azalmagy bilen häsiýetlendirilýän keseldir. Onuň döremegine esasan iýmit arkaly kabul edilýän demir mikroelementiniň mukdarynyň aýal bedeninde harçlanylyşy bilen deň gelmezligi sebäp bolýar. Mälim bolşy ýaly, göwrelilik döwründe peýdaly maddalara talap artýar. Munuň özi göwredäki çaganyň kadaly ösmegi üçin witaminleriň, makro-mikroelementleriň, şol sanda demriň zerur gerekdigi, çaga bedenjiginiň bolsa olary enäniň bedeninden alýandygy bilen düşündirilýär. Ganazlygyň seýrek duş gelýän başga bir sebäbiniň bedende foliý turşusynyň, B₁₂ witamininiň ýetmezçilik etmegi bilen baglanyşykly bolmagy mümkindir.

Ses üýtgeýär: munuň sebäbi nämekä?

Žurnalist Narjan Kasymowa sesiň üýtgemegi hem-de bu näsazlygy bejermegiň ugur-ýollary barada gürrüň bermegi Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkeziniň otorinolaringologiýa bölüminiň müdiri Maýa Geldiýewadan haýyş etdi. Ses bedeniň möhüm funksiýalarynyň biri bolup, ol adama söz arkaly aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär. Sesiň häsiýetine we emele gelmegine diňe bir ses perdeleriniň hereketi däl-de, eýsem, dem alyş, nerw, ýürek-damar, aşgazan-içege ulgamlarynyň, endokrin mäzleriniň işi hem täsir edýär. Gepleýiş ulgamynyň merkezi we çetki (periferiki) bölümleri bardyr. Nerw ulgamynyň düzüm böleklerini (meselem, kelle beýnisiniň uly ýarym şarlarynyň gabygy, nerw süýümleri) öz içine alýan merkezi bölüminiň esasy wezipesi nerw impulslaryny döretmekden we geçirmekden, hususan-da, sesi emele getirmek barada «buýruk bermekden» ybaratdyr. Sesi emele getirýän çetki bölüme ses baglaýjylaryny öz içine alýan bokurdak, dem alyş ýollarynyň aşaky bölekleri, şeýle hem artikulýasiýany (gepleýiş agzalarynyň hereketi) üpjün edýän äň-ýüz ulgamy degişli bolup durýar.

Rahat uky

Uky ýetmezçiligi çaganyň diňe bir şadyýanlygyna däl-de, eýsem, onuň umumy saglyk ýagdaýyna hem oňaýsyz täsirini ýetirýär. barlaglaryň netijeleri uky kadasy bozulan çagalarda psihiki näsazlyklaryň, allergiýanyň ýa-da immunitetiň peselmegi ýaly ýagdaýlaryň döreýändigini ýüze çykardy. Ukynyň bozulmagy dürli keseller bilen baglanyşyklydyr. Ukynyň bozulmagy semizlige we süýjüli diabetiň döremegine getirip bilýär. Ukusy bozulan çaga artyk iýmeklige ýykgyn edýär. Geçirilen barlaglara görä, uky ýetmezçiligi işdäni sazlaýan gormonyň bölünip çykyşyna täsirini ýetirýär. Bedeniň ýokumlylygy ýokary hem-de köp uglewodly iýmitlere bolan talabyny artdyrýar.

Atopiki dermatit

(Irki çagalyk döwürlerinde ýygy duşýan dowamly allergiki dermatit) Atopiki dermatit dowamly gaýtalanýan deri keseli bolup, çagalarda we ýetginjeklerde has ýygy duş gelýär. Bu keseliň ýüze çykmagyna itergi berýän dürli ýagdaýlar bardyr. Atopiki dermatitiň döremegine bedeniň gorag funksiýasynyň işjeňliginiň peselmegi we allergenlere (allergiýa döredýän maddalara) duýgurlygyň ýokarlanmagy itergi berýär. Keseliň döremeginde nesilleýin meýilliligiň hem uly täsiri bardyr.