"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gymmatly baýlygyň goragynda

Sagdynlyk — ynsan ömrüniň zynaty. Saglyk adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak maddy we ruhy gymmatlykdyr. Sagdyn adamyň ömri ýalkym saçyp duran göwher daşyna meňzeşdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun» diýip, belleýşi ýaly, saglygyň gadyr-gymmatyny mydama bilip hem duýup ýaşamaly. Çünki, diňe sagdyn adam dünýäniň adama eçilýän gymmatlyklaryny, lezzetlerini ýakyndan duýup, ajaýyplyklary doly derejede görüp hem bilip ýaşaýandyr. Adamyň saglygy diňe bir onuň özüniň däl, eýsem, döwletiň hem esasy gymmatlygy bolup durýar. Şonuň üçin hem, biziň ýurdumyzda «Sagdyn bedende sagdyn ruh» ýörelgelerinden ugur alnyp, ynsanýetiň sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize ornaşdyrmakda, halkymyzyň sagdyn jemgyýetçilik ruhy baýlygyny dünýä çykarmakda, dünýäde sagdyn jemgyýetçiligi berkitmäge saldamly goşant goşmakda taýsyz tagallalar edilýär. Muňa ýurdumyzda ençeme bedenterbiýe we saglyk maksatly binalary, zamanabap sport we saglyk toplumlarynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi aýdyň güwänamadyr. Ýurdumyzda sagdyn ruhly jemgyýetçiligi berkitmäge we goramaga gönükdirilýän işler, tagallalar lukmançylyk ulgamynda-da bimöçberdir. Dürli ýyllarda Arçman, Ýylysuw, Baýramaly, Farap, Berzeňňi, Mollagara şypahanalarynyň durkunyň täzelenmegi we täze binalarynyň açylmagy, ýurdumyzda çagalaryň sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň toplumlaýyn döredilme

Tomus paslynda saglygy goramagyň kadalary

— Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­jaý et­me­li, aras­sa agyz su­wu­ny ýe­ter­lik muk­dar­da iç­me­li. — Be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­ly.

Dermanlyk ösümlikler

«7/24 tm». № 24 (159) 12.06.2023 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitaby, düýp­li yl­my işi di­ňe bir hal­ka­ra luk­man­çy­lyk to­par­la­ry­nyň ara­syn­da däl, eý­sem, giň oky­jy­lar köp­çü­li­gin­de hem uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Bu ösüm­lik dün­ýä­si­niň halk luk­man­çy­ly­gy­nyň en­sik­lo­pe­di­ýa­sy oky­jy­la­ryň mil­lion­lar­ça­sy üçin el­ýe­ter­li bol­dy. Yl­my iş dün­ýä ýurt­la­ry­nyň halk­la­ry­na türk­men hal­ky­nyň kö­pa­syr­lyk tej­ri­be­si we däp-des­sur­la­ry bi­len ta­nyş­mak üçin aja­ýyp sow­gat bol­mak bi­len bir ha­tar­da, luk­man­çy­lyk ba­bat­da tu­tuş adam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň yl­my ha­zy­na­sy­na my­na­syp go­şant­dyr.

Sag­dyn jem­gy­ýet — bag­ty­ýar döw­let

«7/24 tm». № 24 (159) 12.06.2023 Watandaşlarymyzyň spor­ta bo­lan hö­we­si bar­ha art­ýar we ola­ryň sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport we sa­gal­dyş he­re­ke­ti­niň ös­dü­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de spor­ty söý­ýän tür­gen­le­riň mek­de­bi ke­ma­la gel­ýär. Çün­ki sport ada­myň fi­zi­ki taý­dan iş­jeň­li­gi­ni ka­da­laş­dyr­ma­gy bi­len bir­lik­de, onuň akyl iş­jeň­li­gi­ni ti­jen­dir­ýär, ru­hu­ny gal­kyn­dyr­ýar, yn­san­da zäh­met­sö­ýer­lik, er­jel­lik ýa­ly go­wy en­dik­le­ri ter­bi­ýe­le­ýär. Eziz Diýarymyzda dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň äh­li­si yn­san sag­ly­gy­na, hal­kyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir.

Ys­sy ho­wa, Gün şöh­le­si: Biz näme et­me­li?

«7/24 tm». № 24 (159) 12.06.2023 Türk­men top­ra­gy gü­ne­şe baý. Ol türk­men te­bi­ga­ty­ny, adam­la­ry, ösüm­lik­ler we jan­ly-jan­dar­lar dün­ýä­si­ni ys­sy mäh­ri­ne çoý­ýar. Bu has hem to­mus pas­lyn­da şeý­le. Ýö­ne Gü­nüň şöh­le­si­niň tä­si­rin­de aşa köp wagt­lap bol­mak yn­san sag­ly­gy üçin howp­ly bo­lan gaý­ra ü­zül­me­le­re hem ge­ti­rip bil­ýär. On­da biz näme et­me­li?!

Sagdyn durmuş ýörelgeleri

► 1. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. ► 2. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Arzyly hem sarpaly sene

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde bütin dünýäde ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen döredilen, Ýer ýüzüniň çar künjeginde indi birnäçe ýyl bäri arzyly hem-de sarpaly sene hökmünde şatlyk-şowhunly dabaralar, dürli sport çäreleri bilen giňden bellenilip gelinýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň sahawatly tomus paslynyň ir säherinde badalga berlen dürli medeni-sport çäreleriniň ýurdumyzyň bu ugurdaky şan-şöhratyny öňküden-de belende göterendigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy bolsa Arkadagly Serdarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, sport bilen meşgullanmakda her bir raýata nusgalyk göreldediginiň nobatdaky subutnamasy bolup dabaralandy.

Sagdyn jemgyýet — abadan ýurt

Islendik ösüşiň esasy hereketlendiriji güýji jemgyýetdir. Jemgyýetiň hereketlendiriji täsiri bolsa onuň her bir agzasynyň hem-de tutuşlygyna bitewiliginiň aňyýet kämilligine, aň-düşünjesine, dünýägaraýşynyň giňligine, beden taýdan sagatlygyna baglydyr. Ýurdumyzda ilatyň saglygy barada edilýän aladalary ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasy we döwletiň ösüşiniň aýratyn möhüm ugry diýip hasaplamak mümkindir. Döwlet Baştutanymyzyň il-günüň saglygy ugrunda ýöredýän parasatly syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bu ulgamyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek hem-de ony ösdürmek esasy wezipeleriň biri hökmünde öňe sürülýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ilatyň jan saglygy baradaky aladalar, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, ony ösen döwletleriň hataryna, dünýä derejesine çykarmak boýunça esasy ugurlar kesgitlenildi. Ilat arasynda keselçiligiň öňüni almak üçin jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, hususan-da, kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmak, ruhy taýdan baýlaşmak, arassa howada işjeň hereket etmek we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak zerur hasaplanylýar. Elbetde, islendik adamyň zehin açarynyň zähmetdedigi, zähmetiň bolsa akyl we fiziki zähmete bölünýändigi hemmämize mälimdir. Ynsana, ylaýta-da, ösüp gelýän ýaş nesliň sowatlylygy bilen  birlikde, esas

Gözelligiň maşky

Ýoganyň taryhy gadymy döwürlere degişlidir. Ol Hindistandan ýaýran gadymy ruhy tejribe bolup, adamyň tutuş bedenine täsir edýär. Ýoganyň ençeme görnüşi bolup, ahlak ýörelgelerini berjaý etmek, beden bilen işlemek, dem almak, psihikany we aňy dolandyrmak üçin has inçe usullardan ybaratdyr. Ýoga beden hereketleri bilen ruha täsir etmekdir. Onda bedeni berkitmäge we rahatlandyrmaga, fiziki sazlaşygy gazanmaga gönükdirilen maşklar toplumy jemlenendir. Ýoga:

Temmäkiniň saglyga zyýany

Temmäkiniň ýapragynda 2500-e golaý himiki jisim saklanyp, olaryň esasylary oda ýakylanda ýakymsyz ajy maddaly jisimleri emele getirýän beloklar we  uglewodlardyr. Çilimiň düzümindäki nikotin, sinil kislotasy, ugar we kömürturşy gazy, myşýak, kükürtli wodorod, efir ýagy ýaly zyýanly maddalaryň ençemesi bedene siňýär we adamyň saglygyna ýaramaz täsir edýär. Çilim ýürege, gan damarlaryna zyýanly täsir edýär, olaryň çeýeligini ýitirýär, gatamagyna, damarlaryň daralmagyna getirýär. Nikotin ýürek urşy çaltlandyrýar. Bu bolsa ýürek kesellerine, öňi bilen, infarkt miokardyna getirýär.

Gün şöhlesiniň zyýanly täsirinden goranyň!

Gün şöhlesiniň adam bedeni üçin örän peýdaly täsirleri bolup, ol immun ulgamyny pugtalandyrmakda, çagalarda süňkleriň we dişleriň ösüşinde, iglilik (rahit) keseliniň öňüni almakda örän möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Gün şöhlesiniň zyýanly täsiriniň bardygynam ýatdan çykarmaly däl. Yssy wagty uzak wagtlap açyk howada gezilende, Gün şöhlesi adam bedenine zyýanly täsir edip, dürli näsazlyklara getirýär. Muňa başgaça aýdylanda, «Gün urma» diýilýär. Tomus günleri Gün urmadan goranmak üçin şu peýdaly maslahatlary berjaý etmeli: — zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda ertir sagat 09.00-dan agşam sagat 19.00-a çenli köçä çykmajak bolmaly;

Ruhubelent ýaşaýşyň hemrasy

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen beýik ösüşlere beslenýän Watanymyzda halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda netijeli işler yzygiderli alnyp barylýar. Aýratyn hem, raýatlarymyzyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklaryny üpjün etmek, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek bolsa bu ugurda alnyp barylýan işleriň baş maksady bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabatda döwrüň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen hassahanalar, saglyk öýleri, sagaldyş we sport toplumlary halkymyzyň hyzmatynda. Ýakynda eziz Diýarymyzda Bütindünýä welosiped güni hem uly ruhubelentlik bilen bellenilip geçildi. Bu baýramçylygyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen halkara senenamasynda orun alandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Şol gün säher bilen hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyz Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Şeýle sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi raýatlarymyzy, aýratyn hem, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge ruhlandyrýar. Çünki sport sagdyn we ruhubelent ýaşaýşyň hemrasy, uzak ömür sürmegiň çeşmesi. Halkymyzyň abadan durmuşda asuda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän horma

Peýdaly maslahatlar

■ Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli. ■ Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Ýaşlara sport ýaran

Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan giň maksatnamalaýyn işler Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesli watanperwerlik, erjellik, maksadaokgunlylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemeklige uly ýardam edýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegine, sportuň goldanylmagyna we ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilen wezipeler milli kanunlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda hem her bir türkmenistanlynyň bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde we wagyz etmekde, ilatyň arasynda sportuň köpçülikleýin görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmekde amala aşyrylmaly işler öz beýanyny tapýar. Şeýle hem bu kanunlarda sagaldyş-dynç alyş, bilim edaralarynyň, synag meýdançalarynyň işini goldamak, ýaşlar gurşawynda ekologiýa syýahatçylygyny döretmek we ösdürmek, mümkinçiligi çäkli ýaş raýatlaryň beden ösüşini sazlamak, olary bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek boýunça möhüm çäreler esasy ugurlar hökmünde berkidilendir. Welaýatymyzyň çägindäki sport mekdeplerinde we sport desgalarynda alnyp barylýan işler hem ýaşlary sporta çekmäge we olary milli ruhda terbiýelemäge uly goldaw berýär. Sportuň dürli görnüşleri boýunça gi

Saglyk we dynç alyş — «Farapdan» goşa serpaý

Ine-de, mähir ýaly gyzgyn günleri bilen tomus pasly gelip ýetdi. Tomsuň hem özüne mahsus işleri ýetik welin, ýöne onda adamlar dynç almaga, saglygyny dikeltmäge hökman wagt tapmaga çalyşýarlar. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň sagaldyş we dynç alyş merkezleri, şypahanalary hem tomusda köpadamly bolýar. Gelim-gidimi ýylyň hiç bir paslynda-da egsilmeýän «Farap» şypahanasynda hem tomusky möwsüme taýýarlykly gelindi. Köpüň gelip-gidýän ýerinde, onda-da sagaldyş-dynç alyş merkezinde işe bolan jogapkärçilik has güýçli bolýar. «Farap» şypahanasynda tomusky dynç alyş möwsüminde saglygyny berkidip, dynç aljak ildeşlerimiz üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Ilkinji nobatda olaryň şypahanada bolýan günlerinde iň döwrebap şertlerde dynç aljakdyklaryny aýdyp bileris. Şypahanamyzda dynç alýan, saglygyny dikeldýän ildeşlerimiz eli ýeňil lukmanlarymyzdan hemişe-de hoşal, ýöne lukmanlarymyz munuň bilen hem çäklenmän, özleriniň hünär ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirip durýarlar.

Tomus süýjüligi

Tomus pasyllaryň içinde miwelere, gök we bakja önümlerine juda baý. Ýokumly miwelerdir gök önümler ynsan saglygyny goramak üçin örän wajyp zerurlyk bolup hyzmat edýär. Bakja önümleriniň biri bolan, agzyňda eräp gidýän baldan süýji gawunlaryň ynsan saglygyny berkitmekde hem orny uludyr. Tygly Günüň nurundan, ene topragyň kereminden mazaly ganyp, bakjalarda türkmen tomsunyň esasy süýjüligi, altyn reňkli gawunlar ýetişýär. «Waharman», «Gülaby», «Akmaral», «Gürbek», «Garrygyz», «Gara gawun» ýaly dürli görnüşli datly gawunlar türkmen bakjaçylarynyň buýsanjydyr. Ýurdumyzyň çäklerinde gawunyň 400-e golaý görnüşi ýetişdirilýär. Gawunyň rahatlyga hem-de ukusyzlyga peýdasy uludyr. Dünýä alymlarynyň geçiren ylmy barlaglaryna görä, gawun içegede we deride düwnük keseliniň öňüni alýar. Şeýle-de gawun derini iýmitlendirmekde, saç dökülmesiniň öňüni almakda örän ähmiýetlidir.

Şan-şöhratly Diýarym

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Köpetdagyň eteginde täze Arkadag şäheriniň kemala gelmegi Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň üpjün edilip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyna, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. «Akylly şäher» konsepsiýasy boýunça gurulýan bu häzirki zaman şäheri ýaşaýyş üçin döredilýän iň ýokary amatlyklary, öňdebaryjy durmuş şertleri bilen haýran galdyrýar. Arkadag şäheri Diýarymyzyň iri ylym-bilim, medeni we halkara merkezine öwrüler. Onuň gurluşygynda binagärligiň öňdebaryjy usullary, «akylly» şäher konsepsiýasynyň kadalary, «ýaşyl» tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri hem öz beýanyny tapýar. Arkadag şäherinde «akylly» şäher konsepsiýasyny netijeli durmuşa geçirmek üçin şäheriň edaralarynyň dünýäniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilmegine, olarda ilata edilýän hyzmatlaryň derejesiniň ýokary halkara ülňülere laýyk getirilmegine, sazlaşykly işlemegine, sanly ulgamlaryň we täzeçil usullaryň hem-de halkara tejribäniň ornaşdyrylmagyna, ekologiýa talaplarynyň berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Milli Liderimiziň teklipleri nazara alnyp, «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işle

Lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň iýmitlenme stereotiplerine baglylykda bedeniň ýürek gan-damar ulgamynyň uýgunlaşma we ätiýaçlyk mümkinçilikleri

Sagdyn durmuş ýörelgeleriň esasy görnüşlerine degişli bolan sagdyn iýmitlenme fiziki işjeňlilik bilen bilelikde adam bedeniniň kadaly ösüşini, kämilleşmegini, ýaşaýşa ukyplylygyny üpjün edip, saglygyň berkidilmegine ýardam berýär [11]. Iýmitlenmäniň häsiýeti adamyň akyl-paýhasyna, ýatkeşligine we fiziki hereketliligine belli bir derejede täsir edýär. Bu täsir ýaşlyk döwründe has hem aýdyň bildirýär [7]. Adamyň iýmitlenme statusynda ýüze çykýan bozulmalar şahsy we jemgyýetçilik saglygyna oňaýsyz täsir edip, giç anyklanylýan we kynçylyk bilen bejerilýän alimentar bagly keselleriň döremegine getirýär. Bu bozulmalaryň has ýaýran görnüşleriniň anyklanylmagy bolsa, hakyky iýmitlenmegiň öwrenilmegi arkaly amala aşyrylýar [8, 10]. Тalyplaryň iýmitlenme meselesiniň öwrenilmegi öz ähmiýetliligini ýitirmeýär [9]. Talyplar uzakly gün okuwda bolup, köp wagtyny nazary we amaly sapaklarda, kitaphanalarda we kompýuter otaglarda, anatomiýa sapaklara özbaşdak taýýarlanyşlarda ýa-da hassahanalaryň bölümlerinde, gijeki nobatçylykda geçirýärler. Netijede, olarda döreýän nädogry iýmitlenme stereotipler ýaş bedeniň uýgunlaşma mümkinçiliklerine ýaramaz täsir edýär [13, 16].

Diş-äň anomaliýaly ýetginjekleriň garyşyk sülekeýinde käbir biohimiki barlagyň görkezijileri

BSGG-niň bilermenleriniň we köp sanly barlaglarynyň netijesinde, 50-75% çagalarda parodontyň alawlamasynyň käbir alamatlary duş gelýär [1, 2]. Diş-äň anomaliýaly (DÄA) çagalarda dowamly kataral gingiwitiň (DKG) ýygylygy 95-96%, şol bir wagtda parodontyň alawlamasy we onuň ýokary ýaýramaklygy diş galtaşmasynyň morfofunksional ösüşiniň ähli döwründe, has hem mydamalyk döwründe ýüze çykarylýar. Dowamly okklýuziýa şikesi gemodinamikanyň we mikrosirkullýasiýanyň bozulmagy esasynda DÄA-nyň döremegi, parodontyň dokumalarynyň gipoksiýasy we morfofunksional bozulmalary bu näsaglarda DKG-niň döremeginiň we ýaýramagynyň esasy patologiki sebäpleri bolup durýarlar.

Böwrekleriň koral görnüşli daşlarynyň bejerilişinde deriüsti punksion nefrolitotripsiýanyň orny

Peşew daş keseli (PDK) bedende madda çalşygynyň bozulmagyna getirýän sebäpler netijesinde döreýän we ýyl geçdigiçe has köp duş gelýän umumy keseldir. PDK-nyň agyr görnüşleriniň biri-de böwrekleriň koral görnüşli daşlarydyr. Bu kesel, köplenç ýagdaýda dowamly piýelonefrit we dowamly böwrek ýetmezçiligi ýaly gaýra üzülmelere getirýär [4, 6]. Şonuň üçin bu mesele häzire çenli urologiýanyň wajyp meseleleriň biri bolmaklygyna galýar. Türkmenistan PDK üçin endemik ojak bolup, meseläniň wajyplygyny has-da artdyrýar. Köp halatlarda koral görnüşli daşly böwregiň funksiýasy bozulmadyk ýagdaýynda konserwatiw bejergi geçirilýär. Käbir awtorlar operatiw bejergi usullary diňe bu keseliň näsagyň janyna howp salýan ýagdaýlarynda geçirilmelidigini belleýärler [1]. Beýleki awtorlaryň pikirine görä, operatiw bejergi usullary meýilleşdirilen halatda geçirilende, näsagyň saglygy dikeldilip, ýaşy uzaldylýar we ýaşaýşynyň hili gowulanýar [2]. Şonuň üçin PDK-ly näsaglara dogry bejergi usulyny saýlamak bejerginiň örän jogapkärli pursatydyr. Nefrolitiazyň bejerilişinde täze, ýokary tehnologiýaly distansion tolkun urguly litotripsiýa (DTUL), kontaktly ureterolitotripsiýa, deriüsti punksion nefrolitotripsiýa (DPNL) usullarynyň ulanylyp başlanmagy netijesinde, bu keseliň bejerilişinde öňegidişilikler gazanyldy we ýokary netijeleri almaklyga mümkinçilik döredi.