"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gül desseleri goýuldy

Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzyň dürli künjeginde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly dabara bilen  bellenilip geçilýär. Şol gün bu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzdaky akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňünde ajaýyp gül desseleri goýulýar. Şu gün, 27-nji iýunda şeýle dabara geçirilip, oňa  Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewa, jemgyýetçilik gurmalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Munuň özi  akyldar şahyrymyzyň döredijiligine we medeniýet, sungat işgärlerine goýulýan sarpanyň uludygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

Döwdan — gadymy oba

Häzirki döwürde döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerdir şertler esasynda biziň obalarymyz şäherler bilen bäsleşýär. Ine, şeýle obalaryň biri-de, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginde ýerleşýän, bagy-bossanlyga bürenip oturan gadymy Döwdan obasydyr. Döwdan obasynyň ady Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän kanalyň ady bilen baglanyşykly bolupdyr. Döwdan kanaly taryhdan belli bolşy ýaly, bol suwly kanal bolup, geografiki taýdan ýerleşişi boýunça suwarymly ekerançylykda, daýhanlara ekin ekmekde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Geçen asyrdan bäri Döwdan kanaly ýerli halkyň durmuşynda esasy orna eýe bolmak bilen, çeper edebiýatymyzda ýazyjy-şahyrlarymyzyň döreden eserlerinde hem öz beýanyny tapypdyr. Döwdan kanalynyň çeper eserlerde «Döwdan ýaby» diýlip atlandyrylan ýerlerine hem gabat gelmek bolýar.

Mertlere mertlik ýaraşýar

1941— 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy taryhda öçmejek yz galdyrdy. Şol ýyllarda türkmen ýigitleri-de Watan goragyna çykypdy. Olaryň arasynda döredijilik işgärleri-de, ýazyjy-şahyrlar-da, žurnalistler-de bardy. Men aldym-berdimli söweşlere gatnaşan ýazyjylaryň ençemesini tanaýaryn, käbir žurnalistler bilen-ä bilerägem işleşdim. Hemmesiniň atlaryny sanap durmaýyn. Şu ýazgymda şolaryň diňe biri, ýagny Meretdurdy Temmimow hakynda gürrüň beresim gelýär.

Horasandan habar bersem

Türkmen halkynyň gojaman taryhynda öçmejek yz galdyran gadymy-antiki we orta asyr ýurtlaryň çäk serhetleri, ýerleşýän ýerleriniň taryhy arheologlar we gündogary öwreniji alymlar tarapyndan döwürlere bölüp öwrenildi. Alymlar tarapyndan öwrenilen ylmy-barlag işleriniň arasynda Horasanyň ýerleri baradaky taryhy maglumatlar gadymy-antiki we orta asyr medeni we syýasy ösüşler bilen berk baglanyşykly bolup, sebidiň taryhy aýratynlyklaryny öwrenmäge uly ähmiýet berdi. Taryhy nukdaýnazardan seredenimizde Horasanyň ýerleri baradaky maglumatlar Türkmenistanyň taryhynyň bir ülşi bolup durýar. Horasan welaýatynyň ady III asyrda ýüze çykyp başlapdyr. Sasanylar (224-651) döwletiň çäk-dolandyryş ýerleriniň serhedini bölenlerinde Günüň dogýan ýerlerini — Horasan, günbatar ýerlerini — Horwaran (Horbaran), demirgazygy — Bahtaraw, günorta ýerleri — Nimruz diýip atlandyrypdyrlar. Bu geografiki at XVIII asyryň ortalaryna çenli döwri öz içine alyp, çäk-dolandyryş ulgamy hökmünde dolanyşykda saklanylypdyr.

Horezmşalar-anuşteginler döwletiniň adalat ulgamy

Taryha ser salanymyzda, ýurdumyzyň çäginde kuwwatly döwletler dörändigi we şol döwletlerde kämil kanunçylyk hukuk ulgamynyň işi adalat ulgamynyň kämilleşmegi bilen amala aşyrylandygy baradaky maglumatlara gabat gelýäris. Sebitde ösen döwlet derejesine çenli ýokary göterilen, 1157 — 1231-nji ýyllarda halkara gatnaşyklary ulgamynda özbaşdak daşary syýasaty ýöreden Horezmşalar-Anuşteginler döwletinde hem adalat ulgamy ýurduň özbaşdaklygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap, tertipli we kämil gurluşa eýe bolupdyr. Döwletiň adalat ulgamynda orta asyrlarda musulman döwletlerinde bolşy ýaly, adalatyň hökümi şerigatyň kanunlary we halkyň däp-dessurlary esasynda çykarylypdyr. Raýatlaryň arasynda ýüze çykan dawaly meseleler şerigatyň kanunlary esasynda düzülen kazyýetler tarapyndan çözülipdir.

Mukaddeslige öwrülen gymmatlyklar

Muzeý işgärleriniň uzak ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň milli mirasynyň gadymdan galan nusgalaryny il içinde toplap, muzeý gymmatlyklarynyň üstüni ýetirip durmakdaky gözlegli işleri, şol gymmatlyklaryň her biri dogrusynda geçirýän ylmy derňewleri geçmiş taryhymyzy, milli däp-dessurlarymyzy öwrenmekde örän ähmiýetlidir. Häzirki wagtda Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde toplanylan nusgalaryň sany on iki ýarym müňden gowrak. Şol muzeý gymmatlyklarynyň arasynda taryhy ähmiýetli, ylmy taýdan giňişleýin öwrenmeklige degişlileriň sany barha artýar, has irki döwürlere degişlileriň sany köpelýär. Irki döwürlere degişli pullar, gadymy teňňeleriň seýrek duşýan nusgalary, zergärçilik, küýzegärçilik, dokmaçylyk önümleri we senetçiligiň dürli ugurlaryna degişli gymmatlyklar muzeýimizi diňe bir görmek üçin gelýänleriň däl, eýsem geçmiş medeniýetimizi ylmy nukdaýnazardan öwrenmek isleýän bilermenleriň hem ünsüni özüne çekýär. Welaýatymyzda şanly seneler, baýramçylyklar mynasybetli guralýan dabaralarda muzeý işgärleri özleriniň göçme sergileri bilen ýygnananlara medeniýetli hyzmat edýärler. Dabaraly çärelere gatnaşyjylar muzeýiň gazna gymmatlyklaryndan guralan sergilere syn edip, ruhy lezzet alýarlar. Geçirilýän çärelerde sergä tomaşa etmäge gelýänleriň käbirleriniň soňra özlerinde uzak ýyllardan bäri saklap ýören, haýsydyr bir taryhy we ylmy ähmiýeti bolan gymmatlyklaryny

Löw­ker — orta asyr şä­her-ker­wen­sa­ra­ýy

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ki­ta­byn­da Mur­ga­byň ug­run­da­ky ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler ba­ra­da hem gym­mat­ly mag­lu­mat­lar be­ýan edil­ýär. Şeý­le ýa­dy­gär­lik­le­riň bi­ri Asa­da­bat ýa-da Löw­ker ýa­dy­gär­li­gi­dir. Alym­la­ryň ýaz­ma­gy­na gö­rä, onuň Asa­da­bat, Löw­ker at­la­ry or­ta asyr­la­ryň ta­ry­hy çeş­me­le­rin­de duş gel­ýär. Ol söw­da du­ral­ga­sy, söw­da-ara­gat­na­şyk ýo­lun­da dü­şel­ge hök­mün­de bel­li bo­lup­dyr. Sy­ýa­hat­çy Ýa­kut Ha­ma­wy Asa­da­bat şä­he­rin­den di­ňe ga­la di­war­la­ry­nyň we bir sany go­rag di­ňi­niň sak­la­nyp ga­lan­dy­gy­ny gö­rüp­dir. Asa­da­bat­da­ky ýa­şa­ýyş IX — XI asyr­lar­da we XII asy­ryň or­ta­la­ry­na çen­li do­wam edip­dir. Hä­zir­ki wagt­da ýer­li ila­tyň «Çaý­ba­ba» di­ýip at­lan­dyr­ýan ýe­ri bu şä­he­riň ga­lyn­dy­la­ry­nyň az sak­la­nan bir bö­le­gi­dir.

Elmemmediň gowagy

Bu gowak Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Kürüždeý geňeşliginiň Durdyhan obasynyň demirgazyk tarapynda ýerleşip, onuň girelgesiniň ini 20 metre, beýikligi 3,5 metre, içiniň giňligi 55 inedördül metre, dikligine gazylan çykalgasyna alyp barýan bir adam sygarlyk oý bolsa takmynan 150 metre barabardyr. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz goşgy setirlerinde şeýle diýýär:

Döwletliligiň milli ahlak ýörelgeleri

Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys» diýip nygtaýar. Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik duýgularyna ýugrulan bu sözler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetinde we onuň ähli ýurtlar bilen gatnaşygynda binýat bolup hyzmat edýän ahlak ýörelgeleriniň kökleri baradaky pikirleriň uşlybyny çözleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Halkymyzyň beýleki halklar bilen köp asyrlaryň dowamyndaky gatnaşygynyň, hyzmatdaşlygynyň taryhy tejribesi Bitaraplyk derejesini saýlap almagymyza esas bolandyr. Halkymyz islendik döwürde we islendik ýagdaýda dünýä bilen gatnaşyklarynda parahatçylygy söýüjilik, özara hormat goýmak, hemmelere deň göz bilen garamak, açyklyk häsiýetlerini elden bermändir» diýip bellemegi taryhy ýörelgelere belent sarpadan nyşandyr. Alym Arkadagymyz bu asylly ýörelgeleri kemala getirmekde ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara we milli mirasymyza daýanmagyň zerurdygyny nygtap, edebi-filosofik eserinde: «Oguz türkmenleriniň orta asyrlardaky durmuşyny, syýasy şertlerini, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny şöhlelendirýän «Gorkut ata» şadessanynyň many-mazmunyny gahrymançylyk, gaýduwsyzlyk, il-günüň asudalygyny, abadan durmuşyny üpjün etmek, maksada okgunlylyk, ynsanperwerlik ýaly mukaddes ýörelgele

«Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda» atly ylmy duşuşyga

ŞÖHRATLY TARYHA GOÝULÝAN SARPA Her bir halkyň beýikligi onuň adamzat medeniýetine goşan goşandy, gojaman taryhyň şöhratly sahypalarynda galdyran yzy, asyr aşyp, döwür geçse-de, gymmaty egsilmeýän milli mirasy bilen kesgitlenilýär. Şol sebäpli hem, islendik bir ülke, ýurt hakynda gürrüň edilende ýa-da oňa syýahata gidilende onuň taryhy, medeni-binagärlik ýadygärlikleri uly gyzyklanma döredýär. Bu gymmatlyklar halkyň şöhratly geçmişini dikeltmekde, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, her bir raýatyň aňynda, kalbynda milli buýsanç duýgusyny oýarmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Peştak howlulary

Türkmenleriň ХIХ asyrdaky oturymly ýaşaýyş jaý gurluşygy sungatynyň häsiýetli aýratynlyklaryny doly açyp görkezýän taryhy gymmatlyklaryň biri hem Peştak şäherine degişli bolan taryhy ýadygärliklerdir. Bu ýadygärlikler Kaka demirýol duralgasynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşip, ХХ asyryň ortalaryna çenli gowy saklanypdyr. Bu ýerde arheologik barlaglary geçiren alymlar örän gyzykly tapyndylaryň üstünden bardylar. Şäheriň ady baryp ХII asyrda bu ýerde gurlan Peştak metjidi bilen baglanyşyklydyr. Bu şäheriň daşy 0,8 — 1 metr galyňlykdaky gala diwary bilen gurşalypdyr. Bu gurluşyklar ХVIII-ХIХ asyrlara degişli bolmak bilen, şäheriň ilaty 1876-njy ýylda bu ýerden Hywa göçüpdirler. 1947 — 1953-nji ýyllarda arheologlar bu ýerde ylmy-barlaglary geçiripdirler. Şol wagt bu ýerdäki ýaşaýyş we hojalyk jaýlary gowy saklanan eken. Şäherde gönüburçly howlular köp bolupdyr. Şäheriň günorta böleginde howlularyň köp bölegini gurluşyk tutupdyr. Bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň esasy görnüşi eýwanly jaýlar bolup, her jaý bir ýa-da birnäçe eýwandan ybarat eken. Jaýlar öz arasynda merkezi we burçdaky eýwanynyň bolmagy bilen tapawutlanypdyr. Käbir jaýlaryň merkezinde bir uly otag goýlup, onuň gapdallarynda iki sany eýwan goýlup salnypdyr. Jaýlaryň otaglary gönüburçly bolup, olaryň taraplary birnäçe metre çenli ýetipdir.

Binagärçilik sungatynyň ojagy

Taryhy açyşlaryň subut etmegine görä, binagärlik sungatynyň ilkinji nusgalarynyň hut şu toprakda kemala gelendigi baradaky maglumatlar alymlar topary tarapyndan ykrar edilen hakykatdyr. Akademik N.I.Wawilowyň, professor Ö.Gündogdyýewiň bellemeklerine görä, «Günorta Türkmenistan adamzat siwilizasiýasynyň ilkinji dörän, kemala gelen, ýaýran ojaklarynyň biridir. Muňa paýtagtymyz Aşgabat şäherinden 20 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän gadymy Jeýtun medeniýetiniň galyndysy hem şaýatlyk edýär. Häzirki zaman arheologiýa ylmynda «Jeýtun medeniýeti» gaty uly gymmatlyklaryň hatarynda goýulýar. Ahal welaýatynyň çäginde Jeýtun medeniýetine degişli — Çopandepe, Pessejikdepe ýaly gadymy obalaryň yzlary hem geçen asyryň ortalarynda arheolog alymlar tarapyndan ýüze çykarylypdy. Adamzat taryhynyň irki bürünç eýýamy magdan işläp bejermekde, külalçylyk önümçiliginde täze usullaryň peýda bolmagy bilen tapawutlanýar. Taryhyň gatlaryna siňen şeýle yzlary Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Bekrewe ýaşaýyş toplumynyň çäginde saklanyp galan Akdepe arheologiýa ýadygärliginde hem görmek bolýar.

Nusaý

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýä ýaýmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilşimiz ýaly, gojaman Köpetdagyň günbataryna sary ýaýylyp gidýän Nusaý gaýtalanmajak gözelligi, özboluşly taryhy bilen asyrlaryň dowamynda dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekip gelipdir. Biziň eýýamymyzdan öňki II—I asyrlara degişli bolan bu medeni ojak Köne we Täze Nusaýdan ybaratdyr. Bu töwerekler parfiýalylaryň gadymy medeni ojagynyň esasy şäheri bolupdyr.

Ýalynly ýodany yzarlap...

Ýalynly ýodany yzarlap... 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň tamamlanaly bäri 77 ýyl geçdi. Ýalynly ýodany ädimme-ädim geçen gerçeklerem, tylda är işini bitiren gelin-gyzlaram indi azaldy. Ýöne ýowuz uruş we agyr ýyllar baradaky ajy hakykat welin, aňymyzdan düýpleýin aýrylyp gitmeýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda eşretli, parahat durmuşda ýaşaýarkak, wagtal-wagtal geçmişimizi, ýalynly ýyllary, şol ýyllarda çekilen jebri-jepalary ýatlaýarys.

Änew medeniýeti

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemala gelen «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde halkymyzyň geçmişinden habar berýän taryhy wakalar yzygiderli beýan edilýär. Şol taryhy wakalaryň şaýady bolan medeni ýadygärlikler hem ýurdumyzyň ähli ýerlerinde açyk asmanyň astyndaky muzeý hökmünde alaňlap görünýär. Şeýle taryhy ýadygärlikleriň biri hem has gadymy we orta asyrlaryň şaýady bolan Änew medeniýetidir. Änew medeniýetiniň çägi irki eneolit döwründen giçki orta asyrlara çenli öz ýaşaýşyny dowam etdiripdir. Bu medeniýet dürli döwürlerde birnäçe alymlar tarapyndan öwrenilipdir. Ol syýahatçylaryň ýatlamalarynda buýsanç bilen bellenilip geçilýär. Edebiýatlarda berlişine görä, «Änew» sözüniň özi XIX asyryň ahyrlarynda «Annaw», «Anow» diýlip, XX asyryň başlarynda «Ab-now», ýagny «täze suw» diýen düşünjeler esasynda atlandyrylypdyr. Eger-de Änewiň ýerindäki wakalar barada gürrüň etsek, onda ol toprak has gadymydyr. Gadymy Änewiň demirgazyk we günorta depelerinde arheologik barlag işlerini alyp baran we ilkinji gezek uly açyşlary eden amerikan alymy Rafaell Pampellidir. 1908-nji ýylda Waşingtonda alym R.Pampelliniň «Änew medeniýeti» ady bilen 2 tomluk kitaby çapdan çykandan soň, Günorta Türkmenistanda biziň eýýamymyzdan öňki VI — V müňýyllyklarda ilkinji suwarymly ekerançylygyň bolandygyny tassyklaýjy maglumatlaryň esasynda Gündogary öwreniji alymlaryň arasynda u

Nebitiň taryhyndan (Doganlar Nobelleriň nebit önümçiligine goşandy)

Taryha ser salyp görenimizde, nebit çykarmagyň taryhy geçmişiň jümmüşine uzap gidýär. Balkan sebitlerinden nebitiň, takmynan, XII-XIII asyrlarda çykarylyp başlanandygyna güwä geçýän taryhy maglumatlar saklanyp galypdyr. Hazar ýakasynyň türkmenleriniň gadymdan gelýän kärleriniň biri nebitçilik bolupdyr. Türkmen topragynda 1874-nji ýylda doganlar Nobeller 25 ýyllyk möhlet bilen Hazaryň kenarynda, has takygy, Çelekende nebitli ýerleri kärendesine alypdyrlar. 1876-njy ýylda Nobelleriň firmasy 37 metr çuňlukdan nebit çüwdüriminiň üstüni açýar. Bu firma el bilen nebit alynýan 164 sany guýyny hem-de 8 ýer bölegini kärendesine alyp, onda 3 sany buraw desgasyny gurýar. Şol ýylda tutuş Çeleken boýunça el bilen nebit alynýan guýularyň sanynyň 700-e golaýlanlygy hem-de çykarylan nebitiň möçberiniň bir ýylda 1600 tonna ýetendigi barada maglumat bar. Bu firma ýurdumyzda nebit çykarmak boýunça işlän daşary ýurt kompaniýalarynyň ilkinjisidir. Çeleken ýatagyndan birnäçe asyr mundan öň nebit çykarylan-da bolsa, onuň hasabaty ýöredilmändir. Diňe 1876-njy ýyldan soň (Nobelleriň maglumaty esasynda) Çelekenden we ondan soňraky ýyllarda özleşdirilen nebit ýataklaryndan çykarylan nebitiň hasabaty ýöredilip başlanypdyr. Diýmek, Balkan sebitlerinden 146 ýyl bäri nebit çykarylýar.

Kitap hakynda

Täsin kitaplar Hemme zadyň başlangyjy bolşy ýaly, kitaplaryň hem ilkinji ýüze çykyş taryhy aýratynlyklary bardyr. Ynsanlar ýaşap başlan ilkinji günlerinden bäri, öz duýgularyny, pikirlerini we başyndan geçiren wakalaryny gürrüň bermäge çalşypdyrlar. Ony başda gowaklaryň diwarlaryna, soňra daşlara, wagtyň geçmegi bilen bolsa kitaplara ýazypdyrlar. Köp ýyllaryň geçmegi bilen bolsa kitaplarda wakalar beýan edilýär, hekaýalar hem döredilip başlanýar. Olar beýleki kitaplardan tapawutlylykda özboluşly aýratynlygy, beýan edýän wakalary, şeýle-de täsin galdyryjy ýazgylary bilen okyjylarynyň ünsüni özüne çekip, taryha giren ajaýyp kitaplaryň hataryna goşuldylar. Ynha, Fransuz ýazyjysy Wiktor Hugonyň 1862-nji ýylda ýazan romany dünýä belli kitaplaryň arasynda ýer alýar. Bu kitabyň üçünji bölüminde, üç sahypa dowam edýän uzynlykda sözlem bar. Ol dünýäde neşir edilen kitaplaryň arasynda iň uzyn sözlemi bilen aýratyn tapawutlanýar. Şeýle hem «Dört pasylyň gülleri» atly 22 sahypadan ybarat bolan kitap dünýäniň iň kiçi kitaby hasaplanylýar. Onuň möçberi 0,75 x 0,75 milli metr bolup, ol mikroskobyň kömegi bilen okalýar.

Gadymy Türkmen Döwletleriniň Baýdaklaryndaky taryhy alamatlar

Geçmişe nazar aýlasaň, türkmeniň mukaddes saýylýan birnäçe tuglarynyň taryhy baradaky maglumatlary görmek bolýar. Ol mukaddes tuglar — baýdaklar örän irki döwürlerde döräpdir. Her döwletiň baýdagy biri-birinden reňki, ýüzündäki alamatlary bilen tapawutlanýar. Sebäbi baýdakda şol döwletiň taryhy, halkyň durmuşy, gymmatlyklary ýerleşdirilendir. Belentde parlaýan buýsançly tuguň her bir alamaty çuňňur mana eýedir. Gadymy türkmen baýdaklarynda, köplenç, Gün, Güneş hem şekillendirilipdir. Olara Nusaý, Merw ýadygärliklerinde has köp duş gelmek bolýar. Gadymy arilerde Gün, Aý, Ýyldyz bilelikde-de şekillendirilipdir. Bu görnüş oguzlarda has hem giň ýaýrapdyr. Oguznama eserinde «Güneş — Tugumyz — Baýdagymyz» diýilýär. Türkmen taryhyna ser salanyňda, gadymy tuglaryň antik döwürde ýüze çykandygy baradaky maglumatlara duş gelmek bolýar. Şol döwürde adamlar Güne sežde edipdirler. Orta Aziýa halklary Nowruz baýramyny bellänlerinde, patyşanyň çadyrynyň depesinde Günüň şekili salnan tugy galdyrypdyrlar. Bu ýagdaýa Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerinde-de duş gelinýär.

Beýik ýeňşiň 77 ýyllygyna

«7/24.tm», № 19 (102), 09.05.2022. EDERMENLIGIŇ NUSGASY

Abiwerdiň gadymy galasy

Gojaman we şöhratly taryhymyzda öçmejek yz galdyran ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda maddy we medeni gymmatlyklaryň gaýtalanmajak ajaýyp nusgalaryny döredipdirler. Şol gymmatlyklarynyň şaýady hökmünde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän köp sanly taryhy we medeni ýadygärlikleri görkezmek bolar. Bişen kerpiçlerden sünnälenip bina edilen gözel köşkleri, kümmetleri, minaralary we pagsadan edilen gala diwarlaryny, olardaky diňleri, dürli görnüşli ululy-kiçili kerwensaraýlary göreniňde çäksiz buýsanýarsyň. Şolaryň aglabasy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, halkara gatnaşygynda ajaýyp medeniýetiň we sungatyň döremeginde mynasyp orna eýedir. Halkymyzyň irki we orta asyrlardaky taryhynyň şan-şöhraty Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky Abiwerd galasy bilen berk baglanyşyklydyr. Oňa käbir ylmy çeşmelerde Abiwerd-Peştag ady bilen hem duşmak bolýar. Häzirki wagtda galanyň tutýan umumy meýdany 10.5 gektar bolup, ol gönüburçly şekildedir. Galanyň diwarlary harby nukdaýnazardan goranyş diňleri bilen örän berk gurlupdyr. Onuň içki meýdanynda XII asyrlarda esaslandyrylan musulman metjitleriniň galyndylaryna hem duşmak bolýar.