Garaşylmadyk çempionlar
Ýewropa çempionaty 1992-nji ýylda Şwesiýada guralýar. Oňa 8 topar gatnaşýar. «A» toparçada Şwesiýanyň, Daniýanyň, Fransiýanyň, Angliýanyň, «B» toparçada Niderlandlaryň, Germaniýanyň, Şotlandiýanyň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýygyndylary çykyş edýär. Çempionatyň başlanmagyna az wagt galanda, ýaryşdan çykarylan Ýugoslawiýanyň ornuna çagyrylan Daniýanyň ýygyndysy çempionatda taryhy başarnyk görkezýär. Angliýa bilen deňme-deň oýnap, Fransiýany ýeňen Daniýa ýarym finalda Niderlandlaryň garşydaşy bolýar. 2–2 deňlikde tamamlanan oýunda penaltilerde 5–4 üstün çykan Daniýa finala adyny ýazdyrýar. Onuň finaldaky garşydaşy Şwesiýany Hassler hem-de Ridleniň (2) gollary bilen 3–2 hasabynda ýeňen Germaniýa bolýar. Finalda-da Daniýanyň ýygyndysy Germaniýany Ýensen (18) hem-de Wilfortyň (78) gollary bilen 2–0 hasabynda ýeňip, taryhy çempionlyk gazanýar. 4 ýyldan soň, ýagny 1996-njy ýylda çempionat ilkinji gezek futbolyň watanynda – Angliýada geçirilýär. Çempionata gatnaşýan toparlaryň sany artdyrylyp, ol 16-a çykarylýar. Gazanylan ýeňşe ilkinji gezek 3 utuk berilýär. Angliýa, Niderlandlar, Şotlandiýa, Şweýsariýa (A), Fransiýa, Ispani