"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sport — ruhubelentligiň gözbaşy

Ýurdumyzda ynsan saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Raýatlaryň beden taýdan goraglylygyny üpjün etmek üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, sagdyn nesilleri ýetişdirmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketine çekmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Esasan hem, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary, saýlap alan sport görnüşi boýunça kämilleşmekleri üçin ähli oňaýly şertler döredilýär. Şol maksat bilen, dynç güni Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň bilim ministrliginiň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişi guraldy. «Bedenterbiýe we sportda Arkadagyň ýoly bilen!» ady bilen geçirilen çäräniň sport bäsleşikleri bilen utgaşmagy bolsa ýaşlaryň ruhubelentlik duýgusyny artdyrdy. Olaryň sportuň dürli görnüşleri boýunça ýerine ýetiren görkezme çykyşlary ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Adyň alyslarda aýdym, Aşgabat

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow: — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-si Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Sport syýasatynyň gadamlary

Üstünligiň gözbaşy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň öňe süren sport syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çar künjeginde hereket edýän döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde we sport desgalarynda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sany artýar.

Bagtyýarlyk döwrüniň talyplary

Ýakynda Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna esaslanylyp, Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik guraldy. Bäsleşikde emin agzalarynyň adalatly baha bermekleri netijesinde sportuň daş götermek ugry boýunça 1-nji orna Mekan Aşyrow, 2-nji orna Ysmaýyl Wepalyýew, 3-nji orna Yslam Şetdalyýew, tennis görnüşi boýunça 1-nji orna Gowşut Çarymyradow, 2-nji orna Ahmet Bäşow, 3-nji orna Wepa Myradow, gimnastikanyň brus görnüşi boýunça 1-nji orna Begmyrat Öwezgeldiýew, 2-nji orna Orazmyrat Salyhow eýe bolmagy başardylar. Timur HYDYROW.

Aladamyz — türgenler

Biz türgenlere ýörite tälim bermek bilen bir hatarda, bedenlerini berkitmekleri üçin peýdaly maslahatlary hem ündew edip durýarys. Şonda olara aşakdaky maslahatlary berýäris. Türgenlere az kaloriýaly we hil taýdan ýokumly peýdaly maddaly iýmitlere üns bermek möhümdir. Mundan başga-da, iýmitlenmekde bedeniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak gerek. Türgenler dürli önümlere üns bermeli, meselem, nohut önümlerini, miweleri, ýeralmany, tüwini iýmitde kän ulanmaly. Sportuň käbir görnüşinde, mysal üçin, söweş sungatynda ýa-da atçylyk sportunda türgenleriň agramynyň kadaly bolmagy örän möhümdir. Myşsalary ösdürmek bilen gönüden-göni gyzyklanýan agyr atletika görnüşüniň türgenleri et, ýumurtga we beýleki belokly iýmitleri ýeterlik iýmelidirler.

Ýaş tennisçiler

Welaýat Polisiýa müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, Balkanabat şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bilelikde guramaklarynda şäherdäki 21-nji orta mekdepde okuwçylaryň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäni we sporty giňden goldamak hem-de ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilen bäsleşikde 21-nji orta mekdebiň okuwçylaryndan düzülen topar birinji orna mynasyp bolmagy başardy. 1-nji orta mekdebiň tennisçileri ikinji, 23-nji orta mekdebiň okuwçylary üçünji orunlary eýelediler.

Sagdynlygyň şäheri

Şu ýyl ak şäherimiz Aşgabat Aziýanyň we Okeaniýanyň IV topar zolagynda Dewisiň Kubogy ugrunda tennis boýunça halkara ýaryşyň saýlama tapgyryna hem-de Welotrek boýunça dünýä çempionatyna köp sanly gatnaşyjylary kabul eder. Bu günki gün gözel paýtagtymyza gezelenç edip göreniňde, ilki bilen, ol barada «sportuň, sagdynlygyň paýtagty» diýen jümle ýüregiňde owazlanýar. Sebäbi ajaýyp zamanamyzda, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzy, ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerini hemra edinmeklerini nazarlap gurlan, bir-birinden owadan sport desgalary göreni haýrana goýýar. Gysga döwrüň içinde paýtagtymyzda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda biziň yssy howa şertlerimizde adaty bolmadyk hokkeýdir figuralaýyn typmak bilen meşgullanmak üçin-de hemme mümkinçilikler döredildi.

Sport — saglygyň girewi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmek boýunça çäreler giň gerime eýe bolýar. Şanly ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy», şeýle-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu resminamanyň çäklerinde geçirilýän çärelere ýaşlar işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzda ýaşlaryň öz göwün söýen sport görnüşleri bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikler bar. Bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň çuňňur ornaşmagyna öz täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde welaýatymyzda sport desgalarynyň ençemesi guruldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde gurulýan desgalaryň arasynda-da birnäçe sport desgalarynyň hem bolmagy bizi has-da begendirýär. Täze gurulýan mekdeplerdir çagalar baglarynda häzirki zaman sport enjamlary bilen üpjün edilen sport zallary, basketbol, woleýbol, tennis meýdançalary göz öňünde tutulýar. Bu döwletli işler ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda sporta bolan höwesi has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan edilýän aladalardan ruhlanýan ýaşlar Diýarymyzyň sport ösüşlerine mynasyp g

Halypa tälimçiler ýaşlaryň arasynda

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýörite meýilnamasy esasynda şu günler ýerlerde halypa tälimçileriň, sportçularyň ýaş türgenler bilen duşuşyklary geçirilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri-de Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde boldy. Ony welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi gurady. Wagyz-nesihat häsiýetli duşuşykda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Milli derejeli emin, sport ussady Hojamämmet Geldimämmedow hem-de ussat tälimçi Meret Rejepalyýew çykyş edip, täze taryhy döwürde türkmen sportunyň ösýändigi, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sport-sagaldyş hereketiniň barha giň gerime eýe bolýandygy barada guwanç bilen gürrüň berdiler hem-de hormatly Prezidentimiziň sport bilen meşgullanmaga we barha taplanmaga döredýän ajaýyp mümkinçiliklerine ünsi çekdiler. Olaryň aýdyşy ýaly, bu gün berkarar Watanymyz sport ýurdy hökmünde dünýäde şan-şöhrata eýe bolýar. Diýarymyzyň paýtagtynda we sebitlerinde gurlan we bu gün üstünlikli hereket edýän häzirki zaman sport toplumlary, sport mekdepleri we meýdançalary, beýleki köpugurly sport desgalary sporta höwesli ýaşlara yzygiderli türgenleşik geçmäge hem-de taplanmaga giň amatlyklary açýar. Şeýle bolansoň, bu gün sporty hemra edinen ýaşlarymyz belent sepgitlere çykýarlar, dürli derejeli ýaryşlarda ýurdumyzyň sport abraýyny arşa göterýärler. Munuň gözb

Ýeňil atletika ýaryşy

Änew şäherindäki sport mekdebinde mekdep okuwçylarynyň arasynda ýeňil atletika boýunça ýaryş geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ýaryşy «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde gurady. Oňa Ak bugdaý etrabyndaky orta mekdepleriň 33-sinden toparlar gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sport-sagaldyş hereketini ösdürmek, ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak, olarda sporta bolan höwesi ýokarlandyrmak hem-de güýçli toparlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen ýaryşa çekeleşiklilik häsiýeti mahsus boldy. Onda okuwçy oglanlara ýeňil atletikanyň 100 metr aralyga ylgamak, estafeta, uzynlygyna bökmek, okuwçy gyzlara 60 metr aralyga ylgamak, estafeta, uzynlygyna bökmek ýaly görnüşleri boýunça öz aralarynda bäsleşmäge giň mümkinçilikler döredildi.

Sportuň saglyga peýdasy

Jemgyýetimizde kämil şahsyýeti terbiýelemekde ata-babalarymyzyň «Sagdyn bedende — sagdyn ruh», «Jany sagyň göwni çag» pähimlerinden ugur alynýar. Dürli ýaşlardaky raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna uly üns berilýär. Sport bilen meşgullanmak we haýsy-da bolsa maşklary ýerine ýetirmek adam bedenine täsir edýär. Ol ýürek-damar we myşsa-süňk ulgamynyň işini gowulaşdyrýar, ömri uzaldýar. Şeýle hem sport bilen meşgullanmak howply täze döreme keseliniň öňüni alýar, adamyň psihik ösüşini gowulandyrýar we sussupesligi aradan aýyrýar.

Bagtyýarlygyň güwäsi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gorap saklamakda, sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde uly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde sport desgalarynyň hatarynyň artýandygy, olarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilikleriň döredilýändigi döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň saglygyny gorap saklamaklyga gönükdirilen tutumly işleriniň rowaçlanýandygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, raýatlarda bedenterbiýä we sporta bolan söýgini terbiýelemek babatda alyp barýan syýasatyna öz goşandymyzy goşmak maksady bilen, edaramyzda hem sporta höwesli ýaşlaryň arasynda gyzykly ýaryşlary yzygiderli geçirip durýarys. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty hemişelik hemra edinýän raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär.

Gujur-gaýratyň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmekde uly işler alnyp barylýar. Bedenterbiýe we sport hereketleri adamyň diňe bir beden taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan hem sagdyn bolmagyna we netijeli zähmet çekmegine ýardam edýär. Yzygiderli sport bilen meşgullanmagyň netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmen türgenleri ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, döwletimizde we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlaryna gatnaşýarlar we ýaşyl Tugumyzy ýeňiş münberinde al-asmana pasyrdadyp döwletimiziň sport abraýyny belende göterýärler. Ýaş nesliň sagdyn bolmagy röwşen geljegimiziň binýadydyr. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, onuň adam saglygyna edýän täsirini raýatlaryň hereket işjeňligini artdyrmak ýaly häsiýetleri halk arasynda ornaşdyrmak işlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri hem çetde duranoklar. Olar ýaşlaryň arasynda birnäçe ýaryşlary, dabaralary, dürli bäsleşikleri geçirip, olary Hormat hatlar we höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglaýarlar. Ýaş nesillerde hereketsizligiň dowamly bolmagy olarda dürli keselleriň ýüze çykmagyna we işjeňliginiň peselmegine getirýär. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýeti we täsiri, adam saglygy üçin möhümdigi ünsden düşürilmeýär.

Halkara sport merkezi

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň, gazanylýan üstünlikleriň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy, nusgalyk döwletine öwrüldi. Bütin dünýäde parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýýan Diýarymyzyň gözel paýtagty Aşgabat bu günki gün iri sport ýaryşlarynyň, çempionatlaryň geçirilýän merkezi hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport toplumlary, stadionlar we bedenterbiýe-sagaldyş merkezleriniň döwrebap binalary ak mermerli paýtagt şäherimize özboluşly görk berýär. Olimpiýa şäherçesindäki, «Bagtyýarlyk» sport toplumyndaky desgalary, «Aşgabat», «Olimp» stadionlaryny, «Aşgabat» golf klubuny synlanyňda hem ýurdumyzda sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygyna göz ýetirýärsiň. Şeýle döwrebap sport desgalarynda halkara derejesindäki ýaryşlary guramaçylykly geçirmek üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Gurlup ulanylmaga berilýän sport binalary iri sport ýaryşlaryny geçirmek üçin ýurdumyzyň uly mümkinçilige we baý tejribä eýedigini görkezýär.

Türkmenistan — sagdynlygyň ýurdy

Ýurdumyzda ynsan saglygyny berkitmäge, şeýle-de sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaga giň şertler döredilýär. Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleridir harby bölümlerinde, şonuň ýaly-da serhet galalarynda gulluk edýän merdana serhetçiler hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň şahsy göreldesine eýerip, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýärler, sportuň dürli görnüşleri boýunça işjeň meşgullanýarlar. Olar her täze güni uzak aralyga ylgamakdan we beden berkidiji maşklary ýerine ýetirmekden başlaýarlar. Hut şonuň netijesinde-de, serhetçi türgenler geçirilýän sport ýaryşlarynda özleriniň ussatlyklaryny görkezip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Saglyk — bagtyýarlyk

Sagdyn durmuş ýörelgeleri, sport we köpçülikleýin bedenterbiýe — Berkarar döwletimizde bagtyýar ýaşaýan her bir ynsanyň hemişelik hemrasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň göreldesi ildeşlerimiziň, ylaýta-da, harby gullukçylaryň durmuş ýörelgesidir. Muňa TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda guralýan sport çäreleriniň mysalynda-da aýdyň göz ýetirýäris. Ynsan saglygyny döwletimiziň baş baýlygyna deňeýän milli Liderimiz ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde diňe bir döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen halkara ülňülerine laýyk gelýän sport desgalaryny gurdurmak bilen çäklenmän, sagdyn ýaşaýşy guramakda-da ählimize nusgalyk görelde görkezýär. Diňe bir welosiped sürmekde däl, eýsem, atly gezelenç etmekde-de, dürli sport maşklaryny ýerine ýetirmekde-de, sport ulaglaryna erk etmekde-de, umuman, sportuň ähli ugurlarynda-da hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň şahsy göreldesi biziň üçin ýörelge mekdebi bolup durýar. Şoňa laýyklykda harby ýokary okuw mekdebimizde harby gullukçylaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Olaryň çäklerinde, ýakynda Harby institutyň terbiýeçilik işleri boýunça bölümi TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşi bilen bilelikde sport bäsleşiklerini gurady. Sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarda harby talyplar, çagyryş boýunça harby gullukçylar özleriniň ezberliklerini we ç

Ýyldyrym ýetdirmez ýellere, bedew!

Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklarynyň ýedisi geçirildi. Onda ýeňiji bolan çapyksuwarlara, şeýle-de 19-njy aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça konkur ýaryşynda we 24-nji aprelde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginde ýeňiji bolan türgenlere Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Şa serpaýlary gowşuryldy. Sagrysy serpaýly bedewlerimiziň hormatyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynda Şa serpaýyna mynasyp bolanlaryň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Begençmyrat AGAMYRADOW, 7-nji çapyşygyň ýeňijisi:

Yhlas edilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň ýadawsyz aladasy bilen halkymyzyň saglygyny goramaga gönükdirilen işler gerim alýar. Ilatyň saglygyny goramakda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegem uly ähmiýete eýe bolýar. Şonuň üçinem sport mekdeplerinde we desgalarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýanlaryň sany artýar. Ýaşlary beden we ruhy taýdan terbiýelemekde, ezber türgenleri ýetişdirmekde biziň sport mekdebimizde-de uly işler bitirilýär. Tejribeli tälimçilerimiziň ýolbaşçylygynda ýaş türgenlerimiz öz saýlan ugurlary boýunça ussatlyklaryny ýokarlandyrýarlar. Türgenleşikler şu günüň ýokary talabyna laýyklykda alnyp barylýar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport mekdebimiziň Mary şäherindäki 21-nji orta mekdebi bilen bilelikde geçiren bäsleşigi hem ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşigiň netijeleri ýaşlaryň sporta bolan isleg-höwesleriniň barha ýokarlanýandygyny äşgär etdi. Munuň özi milli Liderimiziň yglan eden sport syýasatynyň rowaçlanýandygyny subut etdi.

Baýramçylyk at çapyşyklary

DÜÝN Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralar goşa senäniň toý joşgunyny belende göterdi. Atçylyk sport toplumynyň golaýyndaky toý meýdançasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary giň gerim aldy. Toplumda geçirilen baýramçylyk at çapyşyklary uly gyzyklanma eýe boldy. Toý gününde ussat çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda at çapyşyklaryň ýedisi geçirildi. Birinji, ikinj, üçünji, dördünji çapyşyklar üçin 1200 metr aralyk bellenilip, olarda bedewler degişlilikde “Polatly”, “Meleguş”, “Gelşikli”, “Ýanardag” baýraklaryny almak ugrunda ýyndamlygyny görkezdiler. Birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Gutly atly gara aty, ikinji çapyşykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Garabatyr atly mele aty, üçünji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Tejen atly dor aty, dördünji çapyşykda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Bäherden atçylyk hojalygynyň Gyzlarym atly dor gysragy pellehana birinji bolup gelmegi başardylar.

Ruhubelent ýaşlar

Ýakynda Änew şäherindäki sport mekdebinde ýeňil atletika boýunça ýaryş geçirildi. Ahal welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa welaýatyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Ýaryşda talyp gyzlar 60 metr, talyp oglanlar 100 metr aralyga geçirilen bäsleşiklere goşuldylar. «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri» ady bilen geçirilen ýaryşa gatnaşan ýaşlar erjelliklerini görkezdiler.