"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Aktaudan medallaryň ikinji toplumy

Türkmenistanly ýetginjek boksçular gazagystanly meşhur boksçy Bokenbaý Saktaganowyň ýadygärligine bagyşlanyp, ýakynda Aktau şäheriniň «Dosan batyr» sport toplumynda geçirilen halkara ýaryşda medallaryň altysyna mynasyp boldular. Has takygy, türkmen türgenleri bir altyn, bir kümüş we dört sany bürünç medal gazandylar. Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň sport wekillerini özünde jemlän halkara ýaryşda türkmen ýygyndysynyň altyn medalyny 54 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Jeýhun Döwranow gazandy. Meýlis Şadurdyýew bolsa 57 kilograma çenli agram derejesinde final tutluşygyndaky garşydaşyndan ýeňlip, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Ýaryşda 48 kilograma çenli agram derejesinde Hangeldi Lukmanow, 60 kilograma çenli derejede Mekan Sabyrow, 63,5 kilograma çenli türgenleriň arasynda Annageldi Jumamyradow we 67 kilograma çenli derejede Atageldi Seýidow dagy bürünç medala mynasyp boldular.

Körpe küştçüler kämilleşýärler

Küşt körpeler üçin iň gyzykly we täsin oýunlarynyň biridir. Çagalaryň pikirleniş, hasaplaýyş, akyl ýetiriş endiklerini ösdürmekde bu oýnuň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin küşte «akyl-paýhas oýny» hem diýilýär. Çagalaryň kiçilikden küşte içgin gyzyklanmalary bolsa olary geljekde ussat türgen bolmak baradaky arzuwlaryna tiz ýakynlaşdyrýar. Biziň welaýatymyzda hem geljegine uly bil baglanýan ýaş küştçüleriň birnäçesi kemala gelýär. Olar welaýat, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, barha kämilleşýärler. Aýa we Güneş Baýramowalar, Mähri Agamyradowa, Begmyrat Agamamedow, Laçyn Isaýewa, Hangeldi Myradow... Bular diňe bir welaýatymyzda däl, eýsem, ýurdumyzda hem tanalýan ýaş küştçülerdir. Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde welaýatymyzyň küşt boýunça uly tälimçisi Güljahan Öwlýakulyýewanyň kämillik mekdebini geçýän bu ýaş zehinler yzygiderli türgenleşikleriň netijelerinde öz başarnyklaryny yzygiderli artdyrýarlar. Olar ýakynda «Ýeňişlerden ýeňişlere» diýen at bilen geçirilen welaýatyň birinjiliginde hem nobatdaky gezek iň ýokary netijäni görkezen türgenleriň sanawynda öňdeligi eýelediler. Laçyn Isaýewa we Hangeldi Myradow Güljahanyň iň körpe şägirtleri bolsalar-da, özlerine bildirilýän ynama ýeňişleri bilen jogap berýärler. Olar 6 ýaşlylaryň arasynda eýýäm birnäçe gezek welaýatymyzyň birinjiligini eýelediler. Şeýle hem Laçyn küştüň çalt o

Sport

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň sakasy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary dünýä ülňülerine laýyk, döwrebap derejede ösýär. Şol ulgamlar bilen deň hatarda ýurdumyzyň sport abraýy ýokary galýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport desgalary, sport mekdepleri, sport meýdançalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzda sagdynlygyň we bagtyýarlygyň sakasy bolan sport bilen meşgullanmak sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek esasy ýörelgämize öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanýan ýaş türgenler bu günki gün diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem, dünýä ýaryşlaryna hem gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar.

Sagdynlygyň hem sportuň mekany

Ýurdumyzy bedew badyndaky ösüşler bilen öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr» diýip nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren paýhasly başlangyçlaryny ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirmeginiň netijesinde halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, jemgyýetimiziň sagdynlygynyň, ýaş nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşiniň gazanylmagy üçin ägirt uly tutumlaryň durmuşa geçirilýändigine ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmakda, sporty ösdürmekde alnyp barylýan işleriň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap saglygy goraýyş merkezleri, şypahanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, dürli sport desgalary halkyň hyzmatynda. Olar bagtyýar raýatlaryň saglygyny goramagyň, ruhy we beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridiginiň nyşanydyr. Ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmakda, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, abadançylygyny ýokarlandyrmakda, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakda ýurdumyzda toplumlaýyn çäreleriň du

Sport we ýaşlar

Golaýda TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, etrapdaky  1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebi bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa guramanyň wekilleri, tälimçiler, ýaş türgenler gatnaşyp, dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalýan eziz Diýarymyzyň sport mümkinçilikleri, bu ugurdan gazanylýan netijeler hem-de amala aşyrylýan işler barada täsirli söhbet etdiler. Çykyşlaryň dowamynda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylýandygyny bellenildi. Ýaş nesilleriň arassa ahlakly, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.

Sport

Küştçülerimiziň üstünligi “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler bitirilýär. Sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany artyp, olar dürli ýaryşlarda şowly çykyş edýärler. Türgenlerimiziň ýeňişli menzilleriniň rowaçlanýandygyna sport mekdebimiziň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Sportuň küşt görnüşi ýaşlaryň arasynda has meşhurlyga eýe bolup, küştçülerimiz uly üstünlikleri gazanýarlar.

Dünýäniň iň uzyn rallisynyň gatnaşyjylary Aşgabada geldiler

Dünýäniň iň uzyn rallisi hasaplanýan üçünji "İpek Yolu Rally" onlarça gatnaşyjysy Türkmenistanyň paýtagtyna geldi. 4-nji awgustda Stambulda başlan bu halkara ýaryş Türkiýäniň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň we Moldowanyň sürüjilerini birleşdirdi. Bu ralli ýaryşyny Ýewropa Bileleşiginiň we Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen "Gündogar - Günbatar Dostluk we Parahatçylyk" ralli assosiasiýasy guraýar. Ýol sekiz ýurtdan geçip onuň indiki duralgasy - Azerbaýjan, soňra Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan we Hytaý.

Sport

Çekeleşikli boldy Golaýda etrap sport mekdebinde woleýbol boýunça 2012-2013-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda etrabyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryş diýseň çekeleşikli geçip, onda türgenler özleriniň erjelligini görkezmegi başardylar.

Ýaş tennisçiniň ýeňşi

Ýaş tennisçi Ilima Guseýnowa nobatdaky halkara üstünligini gazandy. Ol Malaýziýada geçirilen «Selangor Asian 14 & Under Grade A Tournament (Southeast Asia)» halkara ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldy. Heniz kiçi ýaşlaryndaka öz ukybyny görkezip, sport ýoluny eýýäm halkara derejeli ýeňişleriň birnäçesi bilen bezän Ilima bu üstünligi eýranly Hana Şabanpur bilen jübütleýin ýaryşda gazandy.

Woleýbol ýaryşy geçirildi

Bäherden etrabynyň sport mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaş türgenleriň arasynda “Dana Pyragynyň öwütleri nesilleri sagdyn durmuşa, watansöýüjilige we agzybirlige çagyryşdyr” ady bilen woleýbol boýunça sport mekdebiniň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan ýaryşa 2011—2012-nji ýyllarda doglan ýaşlar gatnaşyp, öz aralarynda güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşda birinji orny tälimçi Yslamberdi Toýlyýewiň şägirtleri — “Galkynyş” topary eýeledi. Tälimçi Meretmuhammet Ýagşymyradowyň talim berýän “Ýançeşme” topary ikinji, Söýenç Gulgeldiýewiň şägirtleri bolan “Arkaç” toparynyň oýunçylary üçünji orny eýelemegi başardy. Ýeňiji bolan toparlara Bäherden etrabynyň sport mekdebiniň hormat hatlary we TMÝG-niň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Sport sagdynlykdyr

Ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegi babatynda uly şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Berkarar Watanymyzyň obadyr şäherçelerinde, şäherlerinde hereket edýän sport mekdeplerinde alnyp barylýan işler bu ugurdaky tagallalaryň aýdyň mysalydyr. Sport mekdeplerinde ýaş nesliň sportuň islän görnüşi boýunça türgenleşmegine we sportda taplanmagyna, kämillige ýetmegine ajaýyp amatlyklar göz öňüne tutulandyr. Bäherden etrabyndaky 350 orunlyk sport mekdebinde hem giň mümkinçilikler bar. Bu ýerdäki sportuň görnüşleri boýunça meşgullanmaga, türgenleşikleri yzygiderli geçirmäge niýetlenen sport zallarydyr meýdançalar ýaşlaryň hyzmatynda. Ýaşlaryň arasynda sportuň kuşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis, woleýbol, grek-rim göreşi, milli göreş, boks, futbol, ýeňil atletika görnüşleri bilen meşgullanýan çagalaryň sany has-da köp.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Sport ulag merkezine bardy

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy. Häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine zerur üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Sport ulag merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlyklaryny artdyrmagy, olaryň halkara derejede geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagy bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýar.

Agyr at­le­ti­ka­çy­lar olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Hal­ka­ra de­re­je­li emi­n synagdan geçdi

Ta­ek­won­do (ITF) bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 19-20-nji iýul­da paý­tag­ty­myz­da­ky «Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da ta­ek­won­do (ITF) bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di.

Azmun «Şabab Al-Ahli» toparynyň düzüminde ilkinji goluny geçirdi

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Eýranyň milli ýygyndysynyň we «Şabab Al-Ahliniň» hüjümçisi Serdar Azmun täze toparyň düzüminde oýnan ilkinji oýnunda gol bilen tapawutlandy. Bu Aziýanyň Çempionlar ligasynyň saýlama ýaryşynyň 1/2 final duşuşygynda bolup geçdi. Duşuşykda «Şabab Al-Ahli» Eýranyň «Sepahan» toparyny goşmaça wagtda 4:1 hasabynda utup, indiki tapgyra çykdy (birinji oýun – 1:1).

Türkmen ten­nisiniň şu gü­ni we gel­je­gi

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­myz mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­ry­my­zyň tür­gen­le­ri­niň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da ga­zan­ýan ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri, ynam­ly ýe­ňiş­le­ri bi­len şöh­rat­lan­ýar. Bu ugur­da mil­li tür­gen­le­ri­mi­zi ter­bi­ýe­läp, tä­lim be­rip ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan köpta­rap­ly iş­ler bi­len bir ha­tar­da Gah­ry­man Arkadagymyzyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da yzy­gi­der­li gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän za­ma­na­bap sport bi­na­la­ry, top­lum­la­ry, des­ga­la­ry, sport mek­dep­le­ri aý­ra­tyn mö­hüm orun eýe­le­ýär.

Kubaly çempionyň rekordy

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Mi­ha­in Lo­pes Nun­ýes Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da iň köp ti­tu­la eýe bo­lan päl­wan bol­dy. 41 ýaş­ly ku­ba­ly Pa­riž­de 130 kg çen­li ag­ram de­re­je­de grek-rim gö­re­şi bo­ýun­ça ýa­ry­şyň fi­na­lyn­da Çi­li­niň we­ki­li Ýas­ma­ni Akos­ta Fer­nan­de­si ýeň­di. Tut­lu­şyk 6:0 ha­sa­byn­da ta­mam­lan­dy. Lo­pes Nun­ýes yzy­gi­der bä­şin­ji Olim­pia­da­da ýe­ňi­ji bol­dy.

«Altyn Täjiň» bürünç medaly

Aşgabat şäheriniň «Altyn Täç» futbol topary Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirilen «Laola Cup 2024» atly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etmegi başardy. «Altyn Täjiň» dürli ýaş derejesindäki toparlary ýaryşyň bürünç medallaryny eýelediler. 46-dan gowrak döwletden 200 töweregi futbol toparyny jemlän ýaryş diýseň çekeleşikli geçdi.

Ýörite olimpiadaçylarymyzyň üstünligi

«Gothia Cup» atly halkara futbol ýaryşy 1975-nji ýylda esaslandyryldy we şol wagt dünýäde ýetginjekleriň arasyndaky iň uly bäsleşikleriň biri hökmünde meşhur bolupdy. «Gothia Special Olympics Trophy» bäsleşigi bolsa mümkinçiligi çäkli türgenleri goldamak maksady bilen, şol ýaryşyň bir bölegi hökmünde 2014-nji ýylda döredildi. Ine, golaýda bolsa Türkmenistanyň Ýörite olimpiada milli merkeziniň kiçi futbol boýunça ýygyndy topary Şwesiýada geçen «Gothia Special Olympics Trophy» ýaryşynda ilkinji gezek çykyş etdi. Şu ýyl bu abraýly bäsleşigiň esasy bölegi 15 ýurtdan 24 topary bir ýere jemledi. Şolaryň 20-si erkekler, 4-si bolsa zenanlar toparlarydyr.

Awazanyň sport mümkinçilikleri

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen iri syýasy-jemgyýetçilik, medeni, ykdysady maslahatlar, forumlardyr festiwallar bu gün dünýäniň ünsüni Hazar deňziniň türkmen kenaryna çeken bolsa, ýokary derejede guralan iri sport ýaryşlary bu gözel künjekde sportuň hem durnukly ösdürilýändigini dünýä ýaýdy. Ýeri gelende ýatlasak, 2014-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA döwletleriniň mekdep festiwaly guralyp, okuwçylar sportuň ençeme görnüşi boýunça özara bäsleşen bolsa, şol ýylyň özünde sportuň kenarýaka görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçirilendigini-de bellemek gerek. Sportuň dünýä giňden ýaýran görnüşleriniň biri hasaplanylýan windserfing boýunça dünýä kubogynyň bir tapgyrynyň Hazaryň türkmen kenarynda guralmagy bolsa diňe bir türkmen janköýerleriniň däl, eýsem, dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsüni ajaýyp künjege gönükdirdi. 2018-nji ýylda bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwaly üstünlikli geçirildi. Bu iri sport ýaryşlarynda ýaş türgenler guşakly göreş, kiçi futbol, woleýbol, basketbol (3x3), stol tennisi we küşt boýunça özara güýç synanyşdylar. Hazaryň kenarynda bir hepdäniň dowamynda geçirilen festiwala Türkmenistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitlerinden toparlar gatnaşdylar.