Ikatýok

28 Mart 2023
1715

Guşlaryň içinde iň mugthory ikatýok hasaplanýar. Bu guşlara nesil aladasy ýatdyr. Olar höwürtge-de gurunmaýar, ýumurtga-da basyrynmaýar, hatda jüýjelerini-de ekläp-saklamaýar. Ikatýok ýumurtgalaryny keseki guşlaryň höwürtgesine taşlaýar. Şonuň bilenem olaryň nesil aladalary tamamlanýar. Ikatýoklaryň horanja jüýjejikleri bolsa keseki guşuň höwürtgesinde kemala gelýär.

Dünýäde ikatýoklaryň 140 görnüşi bolup, olaryň 50-si öz jüýjejikleriniň eklenjini başga guşlaryň üstüne atýar. Ornitologlar munuň sebäbini anyklamak üçin birgiden synag geçirdiler, dürli çaklamalary orta atdylar. Ilkibaşda guşlaryň iýmit ýetmezçiligi sebäpli şeýdýän bolmagy mümkin diýen pikire gelindi. Ýöne dowamly gözegçilikleriň netijesinde ikatýoklaryň bu hereketleriniň iýmit gytçylygy bilen bagly däldigi anyklanyldy.

Oguljemal JUMAŞOWA,
Aşgabat şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň müdiri.