Manul

14 Fewral 2023
1688

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlaryň biri-de manuldyr. Ýyrtyjylar toparyna, pişikler maşgalasyna degişli bolan manulyň ululygy we bedeniniň uzynlygy öý pişiginiňki bilen deňeçerdir. Onuň aýaklary gysga, kellesi kiçiräkden togalak bolup, gözleri uly, inli gulaklarynyň uçlary tegelegräkdir. Adatça ýiti çypar, kähalatlarda gyzylymtyl çyparrak ýa-da solak çypar reňkli tüýi gür we ösgündir. Arkasynda keseligine geçýän birnäçe zolak bolýar. Guýrugynda insizje gara halkalar bar.

Manula daglyk ýerleriň deňiz derejesinden 1500 metr belentlikde, ylaýta-da, Köýtendagda, Köpetdagda, uly hem-de kiçi Balkan daglarynda otjumak ýerlerde duş gelmek bolýar. Ol çuň dereleriň gaýa eňňitlerinde, dagyň üstündäki tekiz düzlüklerde, selçeň arçaly ýerlerde ýaşaýar. Dere boýundaky tokaýlarda, gyrymsy we gamyş bilen birleşen uly uçutly jülgeleriň ýokarsynda hem oňa duşmak bolýar.

Nurbibi ARAZMEDOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň hünärmeni.