Sugun

24 Ýanwar 2023
1501

Sugun göwresi uly, agramy 100 – 300 kilograma çenli, owadan bedenli, ýabany haýwandyr. Erkek sugunlaryň şahy bir metre çenli bolup, onuň şahynyň ösüntgisi bäşden köp bolmaýar. Reňki bir öwüşginde sarymtyl-goňur. Gerşinden oňat görünýän garamtyl reňkli çyzyk geçýär.

Sugunlaryň ýaýran we ýaşaýan ýerleri Amyderýanyň kenaryndaky gyrymsy we jeňňelli tokaýlyklardyr. Hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä, ýaz döwürleri iýmitlenmek üçin çöllük meýdana yzygiderli çykýarlar. Jübütleşýän döwri awgust aýynyň aýagyndan, oktýabr aýynyň ahyryna çenli bolýar. Adatça, maý aýynda bir göle taşlaýarlar we ol göläniň reňki sarymtyl-goňur, ak nokat-nokat tegmilli bolýar.

Hoşgeldi ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň tebigat gözegçisi we wagyzçysy.