Soňky sütün

13 Dekabr 2022
1461

Dag tekesidir keýik ýaralansa, suwotunyň gögeren ýerinde ýatýar. Çünki olar ösümligiň antibiotik täsirini duýýarlar. Şeýle-de olar dag goçlary ýaly uklan wagty abanýan howpy duýmak üçin gemrijileriň töwereginde ýatýarlar.

Senjaplar (belkalar) iň gowy bagban hasaplanýar. Olar milliardlarça ösümligiň tebigy halda gögermegine esas bolýarlar. Onuň sebäbi bu senjaplaryň topraga gömen ösümlik tohumyny nirede gizländiklerini ýatdan çykarmaklarydyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Şatlyk TEKÄÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.