Ak ýaýlanyň arwanasy

4 Aprel 2022
2571

Goç ýigitlerimiziň syrdaşy, algyr guşy hasaplanýan bedew atlarymyz, öý-ojaklarymyzyň goragçysy bolan alabaý itlerimiz, ýüňünden sungat döreýän saryja goýunlarymyz ýaly, iner düýelerimiz hem türkmen halkynyň durmuşyny ýeňilleşdirip gelen döwletli malydyr. Onuň süýdi, çaly, agarany, süzmesi müň bir derdiň dermanydyr.

Aslynda, düýe maly rowaýata görä, Beýik Biribaryň alkyşyna mynasyp bolan jandardyr. Bir gün pygamberimiz medineli musulmanlaryň biriniň howlusynda daňylgy duran düýe bilen syrlaşanmyş. Şonda myhmany görüp, gözünden boýur-boýur ýaş döken düýe arzy-halyny aýdypdyr. Myhman öý eýesine özüne hyzmat etmezden öň düýesini otlatmagy haýyş edenmiş. Öý eýesi gyş üçin ýygnan ýandak küdesini aýap, düýesine az-azdan berýändigini düşündiripdir. Bu habary eşiden düýe eger rugsat etseler, hiç kime azarsyz, uzak günläp özi otlap, suwlanyp, ýene-de ýatagyna gaýdyp geljekdigini aýdanmyş. Ine, düýe şeýle janypkeşligi, eýesine maddy zyýan ýetirmeýändigi, agram salmaýandygy bilen alkyşa mynasyp bolupdyr.

Rüstem BABAGULYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.