Behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty

27 Fewral 2022
2862

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda behişdi bedewler hakynda köp sanly maglumatlar bar. Müňýyllyklaryň jümmüşinden biziň döwrümize gelip ýeten atlaryň we çapyksuwarlaryň şekilleri, olaryň ajaýyp sazlaşygyny beýan edýän senetçilik önümleri munuň aýdyň subutnamalarydyr. «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eserlerde bedewiň waspy giňden beýan edilýär. «Görogly» şadessanynda seýisçilige ýörite bir hünär hökmünde garalýar. Eserde gerçek ýigidiň atyna bolan hormat-sarpa ýugrulan gatnaşygynyň beýany eriş-argaç bolup geçýär. Şahyrlar belent ruha beslenen eserlerini, suratkeşler ajaýyp suratlaryny, heýkeltaraşlar heýkellerini, zergärler nepis şaý-seplerini behişdi bedewlere bagyşlapdyrlar.

Özünde deňsiz-taýsyz gözelligi jemleýän, ynsan ýaly syzmagy başarýan ahalteke bedewlerini ýetişdirmegiň inçe syrlaryny halkymyz nesilden-nesle geçirip, biziň günlerimize ýetirdi. Halkymyzda «Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen pähim bar. Bu parasatly jümläniň üsti bilen türkmeniň iň eziz görýän jandarynyň bedewdigine göz ýetirmek bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň ynsan ýaly duýgur, dost ýaly wepadar bedewlere bolan söýgüsi çäksizdir.

Jeren ŞAGULYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.