Ýyldyz balygy

18 Oktýabr 2021
2957

Haýwanat dünýäsi

Bu deňiz jandary daşky görnüşi taýdan hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Ýyldyza meňzeş bolany üçin, oňa ýyldyz balygy diýilýär. Oňa bu at 1830-njy ýylda fransuz zoology tarapyndan berilýär. Bu täsin jandarlar sowuk deňiz suwuna çydamly bolup, deňiz derejesinden 6000 metr çuňlukda hem ýaşap bilýärler. Olaryň gyzyl, sary, gök we goňur reňkli görnüşleri bardyr. Bu balyklar süýji suwda ýaşap bilmeýärler. Olara deňziň kenarlarynda köp duş gelmek bolýar.