Suwýylan

11 Oktýabr 2021
4793

Suwýylanlar Hazar deňziniň kenar ýakasynyň hem-de adalaryň saý suwlarynda ýaşaýarlar. Suwda ýaşamaga uýgunlaşan ýylanlar köpelmek we tutan awyny iýmek üçin kenara çykýarlar. Olaryň bedeni ownuk teňňejikler bilen örtülip, gursagy gyzylymtyl-sary bolup, öwşün atýar. Arkasy çal, gapdal tarapynda uzyn zolak bolýar. Uzynlygy 130 santimetre ýetýär, kähalatlarda ondan hem geçýär. Ak we gara suwýylanlar seýrek duş gelýär.    

Ýylanlar ýylylygy halaýarlar. Şeýle bolansoň, howa maýlanda oýanyp başlaýarlar. Tomus aýlary olara Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda we onuň daşynda köp duş gelmek bolýar. Suwýylanlar howp abananda, çalasynlyk bilen suwa çümýärler. Wagtynyň köpüsini suwda geçirýän ýylanlar gomuň we akymyň garşysyna ýüzüp hem çümüp, uzak wagtlap suwuň düýbünde saklanyp bilýärler. Ýaz aýlary kenara çykyp, güneşläp ýatýarlar, howa gyzanda, daşlaryň, guran suw otlarynyň we gyrymsy agaçlaryň arasynda bukulýarlar. Säher bilen we öýleden soň salkyn düşende, ýene suwa girip, balyk awlamagyň ugruna çykýarlar. Olaryň esasy iýmiti suwuň düýbünde ýüzýän müňňürtlerdir.

Gunçagül KÖMEKOWA,
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.