Pi­şik­ler he­mi­şe dört aýa­gy­nyň üs­tü­ne düş­ýär­mi?

9 Sentýabr 2021
3440

Pi­şik­ler ada­ma iň ýa­kyn jan­dar­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Dün­ýä­de iň köp sak­lan­ýan öý­de­çi haý­wan­la­ryň bi­ri bo­lan pi­şik­ler köp ýat­ýan­dy­gy we çe­ýe he­re­ket­le­ri bi­len bel­li­dir. Bu jan­dar er­te­ki we mult­film gah­ry­ma­ny hök­mün­de hem has köp ga­bat gel­ýär. Pi­şik­le­riň nä­hi­li be­ýik­lik­den taş­lan­sa hem dört aýa­gy­nyň üs­tü­ne düş­ýän­di­gi aý­dyl­ýar. Eý­sem, bu dog­ru­my­ka!? Bu jan­dar­lar göz açyp-ýu­ma­sy sa­lym­da nä­dip öw­rü­lip ýe­tiş­ýär­ler?

Il­ki bi­len pi­şik­le­riň he­mi­şe dört aýa­gy­nyň üs­tü­ne düş­me­ýän­di­gi­ni aý­da­lyň! Kä­ha­lat­lar­da ar­kan düş­ýän ýag­da­ýy­na hem ga­bat ge­lin­ýär. Pi­şik­le­riň be­den gur­lu­şy örän çe­ýe bo­lup, ga­ty yl­ga­mak, be­ýik­li­ge bök­mek we dar ýer­den geç­mek ýa­ly ukyp­la­ry bar. Bu jan­dar­la­ryň çe­ýe­li­gi be­de­ni­ni gys­ga wagt­da dü­zelt­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Şol se­bäp­li olar nä­hi­li be­ýik­lik­de­nem aşak goý­be­ril­se-de der­rew di­ke­lip, dört aýa­gy­nyň üs­tü­ne düş­me­gi ba­şar­ýar­lar.