Görlüp-eşidilmedik şertnama

7 Iýun 2021
1077

Sportda iň köp gazanç edýän türgenler amerikan futbolynyň wekilleri bolup durýarlar. Sportuň bu görnüşiniň ussatlarynyň biri bolan Patrik Mahoumsyň «Kanzas-Siti Çifs» topary bilen baglaşan şertnamasy hem muňa ikirjiňlenmäge ýer goýmady. 503 million dollara barabar bolan bu şertnama dünýä sportunda iň gymmat bahaly şertnama hökmünde taryha girdi.

Amerikanyň milli futbol ligasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, Patrik Mahoums diňe bir dünýäniň iň ýokary hak alýan türgeni bolmak bilen çäklenmän, eýsem, amerikan futbolyny oýnaýanlaryň arasynda ýarym milliarddan geçýän möçberde şertnama baglaşan ilkinji oýunçydyr.