Möhüm ugra öwrüldi

4 Iýun 2021
1117

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda her bir adamda sporta, sagdyn durmuş ýörelgesine bolan höwesi artdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly işler özüniň netijesini berýär.

Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän sport we sagdynlyk syýasaty, daşky gurşawy gorap saklamak babatda ekologiýa syýasaty diňe bir halkymyz tarapyndan goldanman, eýsem, dünýä derejesinde giňden ykrar edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň öňe süren başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni” diýlip ykrar edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ine, şol günden bäri hem biziň döwletimizde welosipedli ýörişler, ýaryşlar yzygiderli we guramaçylykly ýagdaýda geçirilýär. Welosiped sürmek halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň sportuň bu görnüşine bolan söýgüsini artdyrýar