«Bagtyýarlykda» geçen bäsleşik

1 Iýun 2021
1105

Golaýda paýtagtymyzdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynda küşt meselelerini çözmek boýunça bäsleşik geçirildi. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna hem-de Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan bäsleşikde ýaş küştçüleriň 70-den gowragy dürli görnüşli küşt göçümleriniň üsti bilen meseleleri çözmek boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň netijesi boýunça, oglanlaryň arasynda Muhammetaly Merdanow, Baýram Hommadow, Artýom Kolosow öňdeligi eýelediler. Gyzlaryň arasynda Mariýa Weşýolkina 1-nji, Mährijemal Gurbanmyradowa 2-nji, Tumar Allaberdiýewa 3-nji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere «Bagtyýarlyk» sport toplumy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.

Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».