Bilegi — zor, zehini — zer

29 Maý 2021
1427

Okamak, öwrenmek we döretmek üçin ajaýyp şertler döredilip berlen eziz Diýarymyzda ähli ugurlar babatynda ukyp-başarnyklaryny we zehinini açmagy başarýan ýaşlar özleriniň köptaraplylygy bilen tapawutlanýarlar. Sportda üstünlik gazanýan ýaş türgenleriň arasynda döredijilik ukyplylary hem az däl. Mekdeplerde hereket edýän dürli ugurly gurnaklar bolsa Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Muhammetnur Annamuhammedow ýaly zehinli ýaşlaryň kämilleşmegi üçin goldaw merkezi bolup durýar.

Ýedi ýyl bäri sportuň karate-do görnüşinden birnäçe ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezmegi başaran Muhammetnuruň gazanýan üstünliklerinde onuň tälimçisi «Gara guşak» 1-nji danyň eýesi Amangeldi Bäşimowyň hyzmaty uludyr. Ýaş türgen 2015-nji ýylda welaýat derejesinde 12-13 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşda 1-nji orny eýelemegi başardy. 2016-njy ýylda bolsa Türkmenistanyň açyk çempionatynda «şahsy kata» boýunça 3-nji orna, şol ýylda ýene-de ýetginjekleriň arasynda welaýat derejesinde geçirilen şahsy tutluşykda 2-nji orna eýe boldy. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň açyk çempionatynda görkezen tehniki taýýarlygy, gowy emelleri we ýeňşe bolan erki üçin Kuboga mynasyp boldy. Ýokarda agzalan üstünlikli netijelerden başga-da, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirilen açyk çempionatlaryň ýeňijisi bolan Muhammetnuruň iň esasy üstünligi Türkmenistanyň 23-nji açyk çempionatynda gazanan kümüş medalydyr. Karate-do boýunça «Gara guşagyň» eýesi bolan Muhammetnur okuwyň we sportuň daşyndan çeper döredijilikde hem öz zehinini açmaga synanyşýar. Ýeri gelende, onuň goşgularynyň ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda çap edilýändigini bellemelidiris. Biz hem zehinli jigimiz Muhammetnura Gahryman Arkadagymyzy, eşretli zamanamyzy we türkmen sportuny taryplap ýazýan goşgularynyň hem-de sport äleminde gazanýan üstünlikleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.

Jeren ATABAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty.