Ezber hem erjel pälwan

26 Maý 2021
984

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlary ruhubelentligiň we sagdynlygyň çeşmesi bolan sporta çekmäge çynlakaý üns berilýär. Munuň üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler hem-de amatly şertler döredilýär. Biz hem döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan jogapkärli wezipelerinden ugur alyp, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda yhlasly zähmet çekýäris. Edýän tagallalarymyzyň netijesinde ussatlyga dalaş edýän türgenleriň sany barha artýar. Şeýle türgenleriň arasynda Seýit Begmyradow hem bar. Ol geljegine uly umyt bildirilýän ýaş pälwanlaryň biridir.

Seýit etrabymyzdaky 24-nji orta mekdepde okamak bilen birlikde 2015-nji ýyldan bäri biziň sport mekdebimiziň milli göreş toparyna gatnaýar. Ýaş türgenlere birinji derejeli ussat tälimçi Jumamyrat Ereşow tälimçilik edýär. Onuň şägirtleriniň arasynda Seýit aýratyn tapawutlanýar. Ol geçen ýyllarda 62 kilogram agram derejesinde milli göreş, şeýle-de guşakly göreş boýunça welaýatymyzyň çempiony boldy. Seýit Begmyradow 2019-njy ýylda guşakly göreş boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýurt birinjiliginde ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň çempiony boldy.

Çepergül HASANOWA,
Saýat etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 3-nji sport mekdebiniň okuw müdiri.