Ösen sportuň merkezi

24 Maý 2021
1026

Bu gün mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uludan baýram edýär. Hormatly Prezidentimiziň çuň parasatynyň ajaýyp miwesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrülen, gözelligi bilen görenleri haýrana goýýan Aşgabat beýik ösüşler bilen dabaralanýar.

Aşgabat häzirki wagtda işjeň syýasy, işewür, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň ösen, dünýä sportunyň iri merkezine öwrüldi. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem milli Liderimiziň başyny başlan täzeçil şähergurluşyk strategiýasy netijesinde, ýokary halkara ölçeglerine laýyk derejede enjamlaşdyrylan sport we atçylyk sport toplumlary, döwrebap awtodromlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri guruldy.

Kerim KERTIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.