Täze ýeňişlere badalga

24 Maý 2021
1667

Täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde güneşli Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde halkara ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman sport toplumlarynyň, sport mekdepleriniň gurlup, ulanmaga berilmegi hem ýokardaky aýdanlarymyza aýdyň şaýatlyk edýär. Döredilýän şeýle giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýaşlarymyz özleriniň saýlap alan sport görnüşi bilen meşgullanyp, dünýä we halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýynyň artmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle türgenleriň biri hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Selim Myratdurdyýewdir.

Paýtagtymyz gözel Aşgabadyň goýnunda önüp ösen Selim 2013-nji ýylda 13 ýaşynda sportuň adaty karate görnüşi bilen meşgullanyp başlady. Geçilen hysyrdyly türgenleşikler ýuwaş-ýuwaşdan öz miwesini berip başlady. Ilki paýtagtymyz Aşgabadyň birinjiliginde, soňra ýurdumyzyň çempionatynda öz deň-duşlaryndan tapawutlanmagy başaran Selim halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga hem hukuk gazandy. 2014-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen halkara ýaryşynda Selim Myratdurdyýew 14 — 15 ýaşly türgenleriň arasynda adaty karateniň şahsy tutluşyk görnüşinden çykyş edip tejribesini artdyrdy. Şol ýylyň oktýabr aýynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde adaty karate boýunça geçirilen 17-nji Dünýä çempionatynda 14 — 15 ýaşly türgenleriň arasynda şahsy kata görnüşinden, şeýle-de, Atabaý Atabaýew bilen bilelikde en-bu görnüşinden çykyş edip, güýçlüleriň hataryna düşmegi başardy. 2015-nji ýyl Selim üçin şowly ýyllaryň biri boldy. Ysraýylyň Netanýa şäherinde adaty karate boýunça geçirilen halkara ýaryşynda Selim şahsy kata görnüşinden çykyş edip, kümüş medala, şahsy tutluşyk görnüşinden bolsa bürünç medala mynasyp boldy. Şol ýylyň tomsunda Çehiýanyň paýtagty Pragada adaty karate boýunça geçirilen halkara ýaryşynda şahsy kata görnüşinden çykyş eden Selim altyn medaly boýnundan asdy. Türgenler Arslan Ataýew, Baýry Baýryýew bilen toparlaýyn sazlaşykly kata görnüşinden bolsa, kümüş medala mynasyp boldy. Şol ýylyň dekabr aýynda Serbiýanyň Belgrad şäherinde fudokan karate boýunça geçirilen 6-njy Dünýä çempionatynda en-bu görnüşinden Baýram Ýalkabow bilen bilelikde çykyş edip, bürünç medaly eýeledi.

Hangeldi HOJAÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi.