At syryny seýis biler

20 Maý 2021
1328

Onuň bilen iş ýerinde, has takygy, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň 6-njy athanasynda duşuşmagy gürleşdik. Athana baranymyzda, ol atlaryny gezime çykaran eken.

Ussat seýis şägirtleri bilen münüp gelen atlaryny athananyň ýanynda saklady. Olaryň hersi atlarynyň çekilerini ýazdyryp, eýerlerini aýyrdylar. Atlar diýseň düşbi eken. Olar diňe atlarynyň jylawyndan tutdular. Atlaryň özleri çägeli meýdana bardylar. Baryşlaryna-da iki-baka agynap başladylar. Şondan soň geljekki seýisler olary athana alyp gitdiler. Gezimden soň atlara edilýän hyzmat onuň bilen tamamlanmady. Ýaş seýisler gezimden gelen atlary gaýtadan birlaý gözden geçirdiler.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.