Çyn bedewler meýdanynda bellidir

17 Maý 2021
1357

Düýn Lebap atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky tapgyry geçirildi. At çapyşygyna bedewleriň 50-den gowragy gatnaşdyryldy.

Asylly däbe eýerilip, birinji çapyşyk ýaş çapyksuwarlaryň arasynda geçirildi. Ilkinji çapyşyk dartgynlylygy we çekeleşikliligi bilen janköýerleri özüne kökerdi. Üçýaşar bedewleriň we olara erk edýän ýaş çapyksuwarlaryň maksada okgunlylygy toýçy mähelläniň şowhunyna şowhun goşdy. Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň Y.Allanazarow tarapyndan erk edilen Almaly atly al aty bilen B.Balakaýewiň Seýran atly gyr bedewi (çapyksuwary Ý.Jummadow) pellehana tas deňme-deň geldiler. Hatda, janköýerleriň aglabasy pellehanadan haýsy bedewiň birinji geçendigini saýgaryp hem ýetişmediler. Şeýlelikde, netijäni eminler berdi. Olaryň gelen netijesine görä, Almaly bir sekundyň 10-dan 1 ülşi bilen pellehanadan öňde geçmegi başardy. Has takygy, 1000 metr aralygy Almaly 1 minut 04,7 sekuntda, Seýran bolsa 1 minut 04,8 sekuntda geçdi.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.