Sport

5 Maý 2021
1064

Kämillik ugrunda

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda sportuň ýurt derejesinde ösüp, ýaş nesliň sporta bolan höwesiniň artýandygynyň şaýady bolýarys. Ösüşiň aýdyň ýoluna düşen gözel Diýarymyzda sport we ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak boýunça alnyp barylýan işler öz miwesini berýär. Bu günki gün biz — ýaşlaryň saglygymyzy berkitmegimiz we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagymyz üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi türgenlerimiziň öz ukyp-başarnyklaryny durmuşa ornaşdyrmagyna ýardam edýär.