«Nesil terbiýesinde türkmençilik ýoly» atly makalalar toplumyndan
Halkymyzyň akyl eleginden geçirip, synag degirmeninde üwäp, halallyk jamynda ýugran bu jümlesiniň edil şu günlerde ― tutuş adamzat jemgyýetiniň ösen siwilizasiýasynyň birmeňzeşlige, umumylyga isleg bildirýän döwründe has-da many-mazmuny çuňlaşýar. Sebäbi bagryndan önen perzendinden onuň edebini ýokarda goýan ata-babalarymyz, megerem, şu gadymy nakyly döredende hem dünýäde millet hökmünde ykrar edilmegiň nähili belent derejededigine aňryýany bilen göz ýetiren bolmaly. Ata-babalarymyzyň şeýle asylly ýörelgelerini çuňňur sarpalaýan hormatly Prezidentimiz bu barada her bir çykyşynda belleýär. Kabul edýän döwlet Kararlarynda resmileşdirýär. Milli Liderimiziň 29-njy martda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky» Karara gol çekmegi onuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzda çaga terbiýesiniň baş taglymata öwrülýän döwründe milli edep-ekramyň inçe ýollary, usul-tärleri hakynda gürrüň etmegiň sogaby uludyr.