Şeýle at bilen Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde dabara geçirildi. Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabarany etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de etrap medeniýet bölümi bilelikde gurady.
Dabara gatnaşyjylar medeni ojagyň eýwanynda guralan baýramçylyk sergisi bilen tanyşdylar. Etrap merkezi kitaphanasynyň göçme kitap sergisi, Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň gymmatlyklarynyň sergisi, şeýle-de N.Saryýew adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň şekillendiriş işleriniň sergisi uly gyzyklanma döretdi. Sergi gözellikde we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk behişdi bedewlerimiziň beýanyna öwrüldi.