Berkarar döwletiň abadan ýollary

26 Aprel 2021
783

Hormatly Prezidentimiziň saýasynda berkarar döwletiň her bir raýatynyň durmuşy bagtyýarlyga beslenýär. Bagtyýar maşgalalaryň abadanlygy, saçaklaryň rysgallylygy döwletli döwranymyzyň eçilen nygmatlarydyr. Eşretli döwrümiziň hözirini görüp, Watanymyzyň gazanýan ösüşlerine guwanyp ýaşamak, oňa öz goşandyňy goşmak uly bagt bolsa gerek. Her bir raýatyň abadan durmuşynyň, jan saglygynyň, ömrüniň goraglylygynyň doly üpjün edilmegi döwlet binýadynyň berkararlygynyň alamatydyr.

 Ýol hereketiniň kadalarynyň doly we dogry berjaý edilmegini gazanmak awtoulaglaryň, pyýadalaryň hereketlerini sazlaşykly ýola goýmagyň esasy şertidir. Bu meselede her bir raýatyň seresaplylygy elden bermän, kada boýunça hereket etmegi zerurdyr. Şol sebäpli hem, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edýän kadalar, tertip-düzgünler dogrusynda edara-kärhanalarda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýäris. Bu wagyz-nesihat çäreleri ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda taýýarlanylan ýörite meýilnama boýunça geçirilýär. Wagyz-nesihat çärelerinde ýollarda sürüjileriň talabalaýyk hereket etmeginiň kadalary giňişleýin düşündirilýär.

Kerim KURBANDURDYÝEW,
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory.