Redaksiýanyň poçtasyndan

26 Aprel 2021
775

AK MERMERLI AŞGABAT
Ak mermere beslenen ak şäherimiz Aşgabat dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Şu ajaýyp şäherde meniň hem talyplyk ýyllarym kerwen gurap geçdi. Men 1986-njy ýylda paýtagtymyzdaky şol wagtky Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumynyň kitaphanaçylyk bölümini gutardym. Talyplyk ýyllarymdan bäri ençe ýyllar geçdi, gözel paýtagtymyz tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Men häzirki wagtda gözel paýtagtymyza Gahryman Arkadagymyzyň geçirýän döwlet derejesindäki çärelerine «Mährem ene» hökmünde gatnaşmak bagtyna eýe. Ýaşuly nesliň wekili hökmünde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan hormatlanmak bu biziň üçin uly bagtdyr. Men häzir hem Ruhubelent etrap merkezi kitaphanasynyň syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary bölüminde zähmet çekip, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerini halkymyzyň arasynda wagyz etmek bilen, biz — kitaphana işgärlerine bildirýän ynamyna öz zähmetim bilen jogap bermäge çalyşýaryn.

Ýakynda etrap kitaphanamyzda Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlap «Ak şäherim Aşgabadym, parahatdyr barýan ýoluň» atly baýramçylyk çäresini geçirdik. Geçirilen baýramçylyk çäresinde medeniýet merkeziniň aýdymçysy Söhbet Döwletmämmedowyň gözel paýtagtymyz barada aýdyp beren ajaýyp aýdymlary çärä gatnaşyjylaryň göwünlerini göterdi. Çärä gatnaşyjylar kitaphanada döredilen Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanan kitap sergisine hem syn etdiler.
Ejegül IBRAGYMOWA,
Ruhubelent etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.