Giň dünýäniň geň habarlary

26 Aprel 2021
813

PORKUPIN POMIDORY
Porkupin pomidorlary dünýädäki iň täsin ösümlikleriň biridir. Ol Madagaskar sebitlerinde duş gelýän haşal ot bolup, boýunyň uzynlygy bir ýarym metr töweregidir. Ösümligiň benewşe reňkli gülleri göze has gelüwli görünýär. Bu ösümligi goparmak, güllerini ýolmak örän hatarly. Sebäbi onuň ýapraklaryndaky uzyn tikenler zäherlidir. Ösümligiň miwesi pomidora örän meňzeş bolýar. Ösümlik dünýäsiniň bu wekili tebigatyň ewolýusiýa hadysasynyň netijesinde şeýle görnüşe eýe bolupdyr. Onuň pomidor görnüşli miwesi mör-möjekleri özüne çekýär. Netijede, bu hadysa ösümligiň tozgalanmagyna oňyn täsir edýär.

* * *

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Gurban GURBANOW.