Ertir ýurdumyzda goşa baýram ― Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy. Berkarar Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem bu goşa baýramyň dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylar. Farap etrabynyň çäginde türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk merkeziniň açylmagy bolsa welaýatymyzdaky esasy dabaralaryň biri bolar. Gündogar sebitde şanly baýrama görlen taýýarlyk işleri barada Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasar-kätibi Mergen Aýhanow şeýle gürrüň berýär:
― Mundan bir ýyl ozal döredilen halkara assosiasiýanyň biziň welaýatymyzdaky agzalary barha artýar. Häzir welaýatymyzda halkara assosiaýasiýasynyň 20-ä ýakyn agzasy bar. Ýöne beýleki itşynaslarymyzdan hem köpsanly ýüztutmalar gelip gowuşýar. Baýramdan soň olara seredip, agzalarymyzyň sanyny has-da köpeltmek boýunça işleri geçirmegi meýilleşdirýäris.