Hyzmatdaşlyk barha berkeýär

23 Aprel 2021
1418

BMG-den gelip gowşan hoş habarlar Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň belent halkara abraýynyň, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetiniň nobatdaky beýanyna öwrüldi. 2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG — Zenanlar) agzalygyna saýlanyldy. Mundan başga-da, 21-nji aprelde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) 69-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu guramanyň 2021 — 2023-nji ýyllar döwri üçin wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy.

Biziň ýurdumyz halkara syýasy, ykdysady, medeni we hukuk giňişligine sazlaşykly goşulmak bilen, bu ugurda alyp barýan işlerini aýdyň işjeňleşdirdi. Häzirki wagtda Milletler Bileleşigi bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygyň gerimi toplanan baý tejribä hem-de uly mümkinçiliklere esaslanyp, şol sanda BMG-niň esasy agentlikleriniň hem-de iri ýöriteleşdirilen guramalarynyň ugry boýunça yzygiderli giňeldilýär. Munuň özi, ozaly bilen, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklardaky başlangyçlary we onuň sebit hem-de dünýä möçberindäki möhüm meseleleri çözmekdäki ähmiýeti bilen baglanyşyklydyr.

«Watan».