Babadaýhan etrap Medeniýet bölüminde Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli okyjylar bilen duşuşyk geçirildi. Etrap merkezi kitaphanasy, TDP-niň etrap komiteti hem-de K.Geldimyradow adyndaky çagalar sungat mekdebi tarapyndan guralan duşuşyga kitaphananyň köp sanly okyjylary gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşanlar Türkmen bedewiniň owadanlygy, ýyndamlygy dessanlarymyzda, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde, häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinde örän uly orun eýeleýändigi dogrusynda aýratyn durup geçdiler.