Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň

20 Aprel 2021
874

Şeýle at bilen Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň, etrabyň medeniýet bölüminiň hem-de etrap kazyýetiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahat Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlandy. Oňa etrabyň edara-kärhanalarynda işleýän ýaşlar, ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary we beýleki myhmanlar gatnaşdy. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerimize goýýan sarpasy, atçylygyň we atçylyk sportunyň ösüşine berýän ähmiýeti barada täsirli gürrüň edildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Arkadagly döwrümizde ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri täzeden dikeldilip, türkmeniň atşynaslyk sungaty rowaçlyga beslenýär. Ýyndamlygy hem-de owadanlygy bilen şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimiziň şöhratly ýoly gaýtadan dabaralanýar. Berkarar Watanymyzda ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň bedew badyna deňelmegi hem ahalteke bedewlerine berilýän ähmiýetden, oňa goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň behişdi bedewlerimize bagyşlanan «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Ganatly bedewler», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitaplarynyň ähmiýeti baradaky gürrüňe hem üns çekildi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň bu ajaýyp eserleri häzirki wagtda ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň täzeden dikeldilýändiginiň, türkmeniň atşynaslyk sungatynyň rowaçlyga beslenýändiginiň, şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimize bimöçber sarpa goýulýandygynyň beýanydyr.

Gunça ARAZMEDOWA,
Gökdepe etrap kazyýeti, kazynyň kömekçisi.