Waspyň dilde sena, bedew

20 Aprel 2021
925

Behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmakda hormatly Prezidentimiz taýsyz tagallalary edip, şolaryň netijesinde hem milli atşynaslyk sungatymyz uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda atçylyk sportunyň ösdürilmegi hem-de tohumçylyk-seçgi işi boýunça halkara gatnaşyklar giňden ýola goýulýar. Şeýlelikde, dünýäde ahalteke tohum atlaryna bolan gyzyklanma ýylba-ýyldan artýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew» atly kitabynda bellenilişi ýaly, gapysynda bedew kişňeýän kişi özüni juda bagtly hasap edipdir. Wepadarlygyň, gaýduwsyzlygyň agzalýan ýerinde hökmany ýagdaýda bedew atyň hem gürrüňi edilýär. Çünki şeýle häsi-ýetleri özünde jemlän türkmen bedewleri dünýäde deňsiz-taýsyzdyr.

Narly ATAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.