Halkymyzyň milli gymmatlygy hem buýsanjy

20 Aprel 2021
1070

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasatynyň netijesinde türkmen alabaýyny dünýä tanatmakda nusgalyk işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 25-nji fewralynda türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, mähriban Prezidentimiziň “Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda” Permana gol çekmegi munuň subutnamasy bolup durýar.

 Türkmen alabaýynyň baýramynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenilmegi ýöne ýerden däldir. Çünki bedew atlary hem-de alabaý itleri türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarydyr hem buýsanjydyr. Halkymyz gadymy döwürlerden bäri bu milli gymmatlyklary sarpalap gelýär.

Gülşat ATALYÝEWA,
Bereket etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 1-nji derejeli ýurist.