Taryhy wakalaryň täsiri

19 Aprel 2021
646

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň jana hoştap bahary — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň otuzynjy, Watanymyzyň ýüregi gözel Aşgabadymyzyň bir ýüz kyrkynjy bahary syýasy-taryhy, şanly wakalara baýlygy bilen watandaşlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar.

Halkara jemgyýetçiliginiň doly we deň hukukly agzasyna öwrülen ata Watanymyz eziz Türkmenistanda üstümizdäki ýylda durmuşa geçirilýän beýik işler Garaşsyz Diýarymyzyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrýar. Döwletimiziň ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde gazanýan üstünlikleri, ýetýän belent derejeleri hemmeleri haýran galdyryp, dünýäniň ösen döwletleriniň, belli syýasatçylarynyň ünsüni özüne çekýär hem-de olaryň ýokary bahalaryna mynasyp bolýar. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamy düýpli täzelenip, halkymyzyň milli aýratynlyklaryna, ruhy-ahlak köklerine laýyk getirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki zaman demokratik döwletde deň mümkinçilikleri kepillendirýän kanunçylyk binýady ähli zadyň esasy bolup çykyş edýär. Ýurtda erkin we adalatly saýlawlaryň geçirilmegi demokratik döwletiň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şonuň üçin-de ýurdumyzda raýatlaryň esasy syýasy hukuklarynyň biri bolan saýlaw hukugyny durmuşa geçirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Bu babatda demokratik jemgyýeti gurmagyň dünýä tejribesi-de, halkymyzyň milli däpleri, ruhy aýratynlyklary-da, taryhy kökleri-de nazarda tutulýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine laýyklykda, şu ýylyň 28-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary milli demokratiýanyň kämil nusgasynyň kemala gelýändigini aýdyň subut etdi.

Aýjeren TAGANDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.