Täsinligiň hem tämizligiň şäheri

19 Aprel 2021
740

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen şäher gurşawynyň ekologiýa derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, arassaçylygy üpjün etmek boýunça möhüm işler alnyp barylýar. Geçen şenbe güni ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen köpçülikleýin bag oturtmak, arassaçylyk işleri ýokary ruhubelentlige beslendi. Batly depginler bilen ösýän we gözelleşýän ýurdumyzyň baş şäheri bagy-bossanlygy, lälezarlygy bilen köpleri haýran galdyrýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň, edara binalarynyň daş-töweregini gurşap duran baglardyr köpýyllyk we möwsümleýin güller bossany diňe bir paýtagtymyzyň görküni artdyrmak bilen çäklenmän, howany-da arassalaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk görelde bolmagy bilen geçirilen ählihalk ýowary paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde özboluşly zähmet joşgunyna öwrüldi. Aşgabat şäheriniň ähli edara-kärhanalarynyň işgärleri, zähmet toparlary, şol sanda talyp ýaşlar bu ählihalk işine yhlas bilen mynasyp goşant goşdular.

Güljahan ŞAHBERDIÝEWA,
«Aşgabat».