Aýdyň geljegiň nury

19 Aprel 2021
770

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynda ata Watanymyzda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we belent sepgitlere ýetilýär. Munuň şeýledigine milli ykdysadyýetimizde, ylym we bilim ulgamlarynda, sportda we medeniýetde gazanylýan üstünlikler, bina edilýän gurluşyk toplumlary aýdyň şaýatlyk edýär. Geçen sanlyja ýyllaryň içinde Aşgabat şäherimiziň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynda hem çuň many bar. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiler.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, çeper döredijilik bilen meşgullanmak adama ägirt uly ruhy lezzet, ylham joşgunyny berýär. Diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, birnäçe daşary döwletleriň senenamasynda möhüm orun eýeleýän Halkara Nowruz gününiň bellenilýän hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerinde hormatly Arkadagymyzyň Akhan atly bedewiniň taýçanagynyň bolmagy, oňa Aşgabat diýlip at dakylmagy ähli ildeşlerimizi guwandyrdy. Ady asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän paýtagtymyzyň beýik ösüşleri halkymyzyň kalbynda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Paýtagtymyzyň ak mermerli şäher hökmünde, şeýle hem Aşgabadyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi türkmenistanlylaryň buýsanjyny goşalandyrylyp, türkmen paýtagtynyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende göterdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň şöhratly ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklaryna, halkymyzyň şähergurluşyk-binagärlik tejribesine belent sarpa goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Göwher GYLYÇDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.