Gözelligiň dürdänesi

19 Aprel 2021
685

Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda täsin binagärligi bilen giňden tanalýar. Beýik binalary, seýilgähleri, suw çüwdürimleri, heýkelleri bilen waspy dünýä dolan paýtagtymyz bu gün dillerde dessan bolup, kalplara ornaýar. Elbetde, munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň barha rowaçlyga eýe bolýan şähergurluşyk syýasatynyň aýdyň netijeleridir. Aşgabatda gurlan myhmanhanalar, döwrebap binalar, muzeýler, teatrlar, Döwlet medeniýet merkeziniň täsin binalary şäheriň gözelligine aýratyn görk goşýar.

Depesi ýaşyl Tugly, ak mermerli belent binalar, ajaýyp köşkler, ýaşyl baglar, ter güller bilen bezelen ýollaryň, ajaýyp seýilgähleriň gözelligi buýsanjyňa buýsanç goşýar. Paýtagtyň haýsy künjegine ser salanyňda hem ak mermere beslenen binalaryň toplumyna, täsin gözellige, gije-gündiz janypkeşlikli zähmetiň gaýnap-joşýandygyna gözüň düşýär. Bu sazlaşykly gözellik bolsa hiç bir türkmenistanlyny biparh goýmaýar. Eziz Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän şähergurluşyk maksatnamasy paýtagtymyzy ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň birine öwürmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýollaryň çatryklarynda, paýtagtymyzyň gözel künjeklerinde gurlan binalaryň her biri, ajaýyp seýilgähler özboluşly many-mazmuny, binagärlik çözgüdi taýdan diňe bir paýtagtlylarda däl, eýsem, mukaddes topragymyza gadam basan her bir adamda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrýar. Döwrebap keşbe eýe bolan şaýollaryň, köçeleriň gijeki gözelligini synlamak bolsa gursagyňda iň mähirli hem buýsançly duýgulary döredýär.

Oguljan ÝAÝYLOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.