Bakylyga barmak bagty

14 Aprel 2021
885

■ ...Gojaman Köpetdagyň eteginde özbaşyna bir şäherçä meňzäp, ak Aşgabadyň görküne görk goşup oturan Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adynyň dakylmagy tüýs ýerine düşen wakadyr. Beýle şahsyýetler bakylyga barmak bagtyna tüýs mynasypdyr.

Şu ýazgylaryň ilki setiriniň alkyşdan-hoşallykdan, ýürekleri pürepür eden ýalkawa ýaran sözlerden başlanmagy hökmanylyk parzdyr. Sebäbi hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny Halkara nebit we gaz uniwersitetine dakmak hakyndaky teklibi alkyş-joşgun döredipdi. Şeýle ýagşy işi bilen milli Liderimiz il aýtmyşlaýyn, ýüreklere sena bolup galjak mürrewet-sogabylyk ýazypdy.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.