Gözelligiň dürdänesi

14 Aprel 2021
901

Bu gün özüniň täsin desgalary, täze belent binalary bilen şan-şöhraty dünýä dolýan gözel paýtagtymyza buýsanjymyz, guwanjymyz has-da artýar. Golaýda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze döwrebap binalarynyň ulanmaga berilmegi aýratyn guwandyryjy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berilýän her bir täze desga, täze belent ýaşaýyş jaýy, medeni-durmuş maksatly binalar kalbymyzda ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary döredýär. Aşgabadyň täsin binagärligi, beýik ösüşleri häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Paýtagtymyzyň ençeme täsin binalary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem mynasyp orun aldy.

Aşgabat Halkara howa menziliniň esasy binasynyň ýokarsyna 705 inedördül metr haly gölüniň şekillendirilmegi netijesinde «Iň uly göl» diýlip atlandyrylan binagärlik aýratynlygy üçin Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Bu täsin bina açylandan tegelek bir ýyldan soňra, ýagny 2017-nji ýylda ildeşlerimiz Aşgabat Halkara howa menzilinde paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga gelen türgenleridir tälimçileri garşyladylar.

Merdan HANDURDYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.