Zeminiň zynaty

14 Aprel 2021
766

Dünýäni haýrana goýýan, üsti Süleýmanyň tagtyna deňelýän, ahalteke bedewi halkymyzyň buýsanjy, göwün syrdaşydyr. Gözelligi, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen göwnüňi göterýän bedewler asyrlarboýy türkmeniň ganaty, wepaly ýoldaşy hasaplanylýar. Toýlarymyza görk berýän, şan-şöhraty rowaýata öwrülen bedewlerimize halkymyz uly ähmiýet berýär. Olara owadan at dakyp, boýdan başa sünnälenilip ýasalan şaý-sepler bilen bezeýär.

Aýdylyşyna görä, Allatagala her mömini ýaradanda onuň begenjine, gynanjyna deň şärik bolar ýaly, bagt guşunam ýaradanmyş. Şonda tawusy hindilere, bilbilgöýäni azerbaýjanlara bagyş edip, her halkyň öz däp-dessuryna mahsus bolan guşy berenmiş. Guşlar hemmä deň paýlanýar welin, türkmeniň dünýäsine mynasyby tapylmaýar. Allatagala kiçigöwünli, pespäl halkyň özüne kybapdaş guş agtarýar. Ahyry ol ala meýdanda çyrpynyp ýören bedewi oňa rowa görýär. «Ýeneki guşlar rysgyny çöpläp tapar, munuňky alnynda bolar. Ganaty ýok diýibem gyýylmagyn, harlamasaň ganatynyň özi çykar» diýýär.