Röwşen geljegimiziň ynamy

14 Aprel 2021
652

Gahryman Arkadagymyzyň ýurt başyna geçen gününden bäri, her bir pudagyň ösmegi, şol sanda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň täze öwüşginler bilen dabaralanmagy babatda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryna uly üns berilmegi netijesinde medeni gatnaşyklar halkara derejesinde alnyp barylýar. Gözel Diýarymyzyň goýnunda dürli halklaryň Medeniýet günleriniň, türkmen Medeniýetiniň günleriniň bolsa daşary döwletlerde geçirilip durulmagy döwletiň berkararlygyndan, halkymyzyň bagtyýarlygyndan nyşandyr. Munuň özi bolsa dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dabaralanmagynda, ösmeginde medeni hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigini görkezýär. Çünki, kökleri gadymýete uzap gidýän halkymyzyň medeniýet ulgamy hem ýüzýyllyklaryň, müňýyllyklaryň dowamynda kämillik ýoluny geçip, bu günki gün dünýäni haýrana goýýar.

Jennet ATAHANOWA.