Tejribe alyşdylar

14 Aprel 2021
774

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky Kararyna laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek işi güýçli depginde alnyp barylýar. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli geçirilýär.

Şeýle maslahatlaryň biri hem Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebi bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň arasynda geçirilen okuw-amaly maslahatydyr. Bu maslahat welaýat kitaphanasynda guraldy.