Kanun çykaryjy häkimiýet täze hil derejä çykýar

13 Aprel 2021
687

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmegini üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrdy. Bu özgertmeler iňňän oýlanyşykly syýasaty ýöretmegi talap edýär. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz her bir tutumly işiň başyny başlanda halkymyzyň baý durmuş tejribesine daýanmaga uly ähmiýet berýär. Çünki milli Liderimiz döwlet Baştutany wezipesine girişen badyna ýurdumyzy jennet mekanyna öwürmäge gönükdirilen tutumly işleri amala aşyranda özüniň iň ygtybarly daýanjynyň halk boljakdygyny, halka daýanyp, halkyň hatyrasyna işlejekdigini kesgitli aýdypdy we şol parasatly ýörelgä ygrarlydygyny yzygiderli subut edip gelýär. Geçen, 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky üçünji mejlisi munuň ýene-de bir subutnamasy boldy diýsek hakykatdan daş düşmeris.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu mejlisinde döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik ýörelgelerini berkitmäge we kämilleşdirmäge gönükdirilen möhüm mesele, ýagny hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde öňe süren döwletli başlangyjyna laýyklykda, Türkmemistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen, berkarar döwletimiziň kanun çykaryjy edarasyny dünýäniň ösen ýurtlaryndaky ýaly iki palataly parlamente öwürmek baradaky möhüm meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Atajan BURUNOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor.