Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, hemmetaraplaýyn kämil bolup ýetişmekleri, olaryň ähli hukuklarynyň üpjün edilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda aýratyn durup geçmek bilen, ýetginjekleriň we ýaşlaryň hukuklarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagynyň kanunçylyk esasyny mundan beýläk-de berkitmek üçin bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady we deputatlaryň öňünde bu mesele bilen baglanyşykly ýene-de birnäçe wezipeleri goýdy.
Welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde «Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi, bagtyýarlygyň aýdyň şuglasy» atly geçiren çärämiz Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyna, bu babatda kanun çykaryjylyk edaranyň öňünde goýan wezipelerine bagyşlanyldy. Çärede ýaşlaryň sagdyn we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini, häzirkizaman bilimleri ele almaklaryny, watançylyk ruhunda terbiýelenmeklerini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Çykyşlarda bilim ulgamynyň ösdürilişi, ýaşlarda sagdyn durmuş endiklerini kemala getirmek, olary watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek meseleleri hem öz beýanyny tapdy. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde okuw mekdepleriniň häzirkizaman okuw-tehniki enjamlary, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi bilim-terbiýeçilik işiniň döwrüň talaplaryna laýyk guralmagyna giň şert döredýär. Hormatly Prezidentimiz deputatlaryň öňünde «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek boýunça-da anyk wezipeleri goýdy. Munuň özi ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň has-da netijeli durmuşa geçirilmegine mümkinçilik berer.